Täze belentliklere badalga

11 Awgust 2021
1488

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar. Keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar. Ulgamy düýpli özgertmäge gönükdirilen kanunlar we kadalaşdyryjy namalar işlenip düzülýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri saglyk desgalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagy, şeýle hem «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Beýleki habarlar