"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ösen döwlet — eşretli döwür

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklarynyň häzirki şertinde täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen döwrüň talaby özgerýär. Häzirkizaman bazar ykdysadyýetinde wagt esasy orny eýeleýär. Wagty tygşytly ulanyp, meýilnamany takyk ýerine ýetirmek döwrüň esasy talabydyr. Elektron resminamalaryň elýeterliligi, olaryň gorag üpjünçiliginiň berkligi, ýurduň islendik künjeginden zerur resminamalary edinmek mümkinçiligi ýaly şertler raýatlarymyz üçin amatly maglumat gurşawyny emele getirýär. Netijede raýat öýünde ýa-da iş ýerinde internet sahypasyndan peýdalanyp, birnäçe resminamalary tiz wagtda edinip, ýollap, kabul edip bilýär.

Körpeler — durmuşyň güli

Türkmenistan Watanymyz — bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe alşy bilen baglanyşykly aladalar şeýle diýmäge esas berýär. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň döwrebap binalarydyr desgalarynyň hereket etmegi ýaş nesil hakdaky aladanyň nyşanydyr. Bagtyýar körpelere çagalar bagyna gatnaýan döwründen eýýäm daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy öwredilip başlanýar, olarda milli mirasa, daşky gurşawa söýgi döredilýär. Munuň özi körpeleriň watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmegine itergi berýär.

Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň orny

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylymyzyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuňňur mazmunly taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr». Bu möhüm wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerine hem uly orun degişlidir. Belli bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda, has takygy, 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklandy. Bu Döwlet maksatnamasy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji möhüm resminama bolup durýar.

Sapaklary utgaşykly guramak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky talaplaryndan ugur alyp, biz — mugallymlar her bir sapagyň täsirli bolmagy ugrunda çalyşýarys. Häzirki wagtda Watanymyz gün-günden gülläp ösýär. Şol sanda Aşgabat şäheriniň ösüşi her birimiziň kalbymyzda buýsanç döredýär. Okuwçylara asylly terbiýe, döwrebap bilim bermek her bir mugallymyň öňünde durýan esasy wezipedir. Matematika sapagynda sapakdan daşary geçirilýän çäreler okuwçylaryň gözýetiminiň giňemegine ýardam berýär. Olarda Watanymyza, halkymyza söýgi döretmekde we ösdürmekde matematika dersine hem aýratyn orun degişli bolup durýar.

Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek

Häzirki wagtda ýaş nesle bilim, sowat öwretmek, döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk terbiýe bermek döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalandyr. Gahryman Arkadagymyz döwrebap multimedia, interaktiw, okuw enjamlary, häzirki zaman kompýuterleri, internet bilen üpjün edilen ýüzlerçe mekdeplerimiziň ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösmegine, dünýä derejesinde bilim almagyna, döredijilik başarnyklarynyň, zehinleriniň açylmagyna, gözýetimleriniň giňelmegine ýardam edýändigi hakynda belleýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan mugallymlar ýaş nesillere döwrebap bilim berýärler. Berkarar döwletimizde okatmagyň dünýä ülňülerine gabat gelmegi, pedagogik we innowasion tehnologiýalardan utgaşykly peýdalanmagy mugallymlaryň döredijilik ukyplaryny işjeňleşdirýär. Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmekde netijeli usullary gürrüň bermek, görkezip okatmak tärlerini ulanmak möhüm ugurlaryň biridir.

Dil — akylyň açary

Ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenmegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de onuň abraýyny halkara derejesinde ýokarlandyrmak, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Onuň üçin Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy we daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilý

Talyplara saz sungatyny öwretmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyza, esasanam ýaşlarymyza asyrlardan aşyp, nesilden-nesle geçip gelen medeni-ruhy gymmatlyklary düşündirmek medeniýet edaralarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Saz mugallymy hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň taýýarlygynda mekdep repertuary dersi uly orun tutýar. Tassyklanan meýilnama talyplar bilen dürli görnüşde sapak geçilmegi göz öňünde tutýar. Nazaryýet sapaklary tejribe, ýekebara sapaklar bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Saz pedagogikasyny öwredýän mugallymlaryň öňünde hünärmenleriň köpugurly taýýarlygyny gowulandyrmak, talyplara diňe bir okuw işinde däl-de, eýsem, tejribe işinde-de zerur bolan başarnyklary we endikleri kämilleşdirmek wezipesi durýar. Şeýlelikde, eýýäm okuw döwründe talyplar hünärmenlere öwrülmeli, ýagny professional işi üçin möhüm bolan bilimleri we başarnyklary ele almaly. Şonda olar pedagogik ussatlygyň ýokary derejesine ýetip bilýärler.

Zehin zehinden zyýada

Maý aýynyň 5 — 8-i günlerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek onlaýn görnüşde halkara matematika bäsleşigi geçirildi. Üç günläp dowam eden halkara bäsleşik iňlis dilinde alnyp barlyp, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň 200-si, şeýle hem Russiýa, Özbegistan, Gazagystan, Ukraina, Rumyniýa, Bolgariýa ýaly, jemi 17 döwletden zehinli talyplaryň 400-e golaýy gatnaşdy.

Kämillige tarap ýol

Kalbynda ata Watana bolan söýgüsi möwç urýan, bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görýän türkmen ýaşlarynyň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikleriň, festiwallaryň geçirilmegi hem zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Parahatçylyk — çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi hem şeýle göwrümli çäreleriň biridir. Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Golaýda Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaş nesli watançylyk, parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bäsleşige onuň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylaryň 76-sy gatnaşdy. Zehinli ýaşlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda «Dünýä dursun parahat!» diýen mowzukda düzme ýazmakda, surat çekmekde, şekil ýasamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Okuwçylar çeken suratlarynyň, ýasan şekillerini

Guwanjymyz — bilimli nesil

Şu günler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaralar uly buýsanç bilen guramaçylykly geçirilýär. Golaýda şeýle dabaralaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda «Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly ylmy-taslama işleriniň sergisi geçirildi. Sergide ýaş alymlaryň we professor mugallymlaryň ylmy işleri boýunça maglumatlary, taýýarlan maketleri we täze oýlap tapan enjamlary görkezildi. Şeýle hem, serginiň dowam edýän günlerinde bu ýerde «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi bilen, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar we mekdep okuwçylary sergä gatnaşyp, nebit-gaz enjamlary we alnyp barylýan ylmy işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Häzirki wagtda uniwersitetimizde dürli ugurlar boýunça 29 sany ylmy gurnaklar işjeň hereket edýär. Uniwersitetimizde mugallymlary, ylmy işgärleri, pudak boýunça alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi. Okuw we ylmy işleri ýokary derejede guramakda uniwersitetde döredilen maddy-tehniki binýatdan has netijeli peýdalanmaga çalşylýar. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary ylmy-barlaglaryň netijeli bolmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Uniwersitetiň tejribeli professor mugallymlary öz ugurla

«Çeşmejigiň» üstünligi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň şanly wakalary bütin halkymyz bilen bir hatarda bilim işgärlerinde-de uly ruhubelentlik döredýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini hem berýär. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň arasynda guralýan dürli bäsleşikler bu ugurda zähmet çekýän bilim işgärlerinde hyjuw, yhlas, söýgi döredýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi ýurdumyzda hereket edýän çagalar baglarynyň arasynda «Iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigi yglan etdi. Bu bäsleşigiň şäher, etrap welaýat tapgyrlary üstünlikli geçirildi. Bäsleşikde çagalar baglarynda okuw dersleriniň we meşgullanma sapaklarynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda guralyşyna, toparlarda bezeg işleriniň döwrebaplygyna, içki gözegçiligiň ýola goýluşyna we onuň netijeliligine baha berildi. Şeýle hem çagalar baglarynda iş resminamalarynyň ýöredilişine, usuly işleriň mazmunyna we görnüşlerine, terbiýeçileriň gazanan netijelerine, işjeňligine, çagalaryň dürli bäsleşiklerde görkezen netijelerine, ata-eneler bilen alnyp barylýan işlere, abadanlaşdyryş we abatlaýyş işlerine seredildi.

Berkarar döwletiň bagtyýar gerçegi

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýigitleriň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp ýigitleriň 25-si gatnaşdy. Bäsleşige ýokary derejede taýýarlykly gelen talyp ýigitlerden ýeňijini kesgitlemek eminler toparyna ýeňil düşmedi. Netijede, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Diplomdyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz Merdany gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi.

Bilim — ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, asylly ýörelgelerini öwretmek, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler depginli alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, umumybilim we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasyna täze sapaklar girizilip, ýaşlaryň bilim ummanyna has-da çuňňur aralaşmaklary, dünýägaraýyşlarynyň giňemegi, pähim-parasada gol ýapan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bu gün bilim edaralary okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün edilýär, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar.

Energetika ulgamy ösüş ýolunda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmekde, halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmekde, bäsdeşlige ukyply senagat toplumlaryny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň abraýyny has-da belende götermekde energetika ulgamynyň ähmiýetiniň uly orna eýe bolandygyny yzygiderli belleýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda energetika ulgamy hem innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýan öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň täzeçe guralmagy netijesinde onuň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesindäki ýaly yzygiderli pugtalandyrylýar. Täze energiýa çeşmelerini tapmak, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, bu ugurda işlär ýaly, işine ökde hünärmenleri ýetişdirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Eziz halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna üns güýçlendirildi. Daşary ýurt maýadarlaryny bu ulgama çekmek bilen, energetika ulgamyna maýagoýum serişdeleri ep-esli derejede ýokarlandyryldy, birnäçe elektrik beketleri guruldy, energiýa çeşmelerinden ýokary kuwwatlylyga eýe bolan önümi almak üçin, ony işläp çykarýan enjamlaryň mukdary artdyryldy.

Talyplar bäsleşdiler

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda birinji orny eýelän talyp ýigitleriň 25-si gatnaşyp, üç şert boýunça ýaryşdylar. Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, baş baýraga S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew, şeýle hem birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Hezretaly Annaberdiýew mynasyp bolmagy başardylar.

Kämilligiň binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlaryň ylym-bilimine, milli terbiýede terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Bu babatda uly işler durmuşa geçirilip, nesil terbiýesine, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlarymyzda ylym-bilime bolan garaýyş has-da ýokarydyr. Ýaş nesillerimiz ylym-bilimiň, iň täze tehnologiýalaryň gerekdigine aýdyň göz ýetirýärler. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bilim bermegiň iň kämil we döwrebap ugurlary durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz

Okuwlary guramagyň esasy ugry

Ýagty ertirlerimiz, ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar biziň şatlygymyzyň gözbaşydyr, durmuşymyzyň gülüdir, ýaşaýşymyzyň bezegidir. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy üçin eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn we düýpli ylma esaslanýan maksatnamalary esasynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, ýaş raýatlarymyz bolan çagalar hakyndaky alada döwletimiziň geljeginiň has rowaç hem bagtyýar bolmagynyň kepilidir. Çünki, bu günki çagalar ertir döwletimiziň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglary we mekdepler yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Olarda ýaş nesillerimiziň müňlerçesi ussat hünärli terbiýeçiler, mugallymlar tarapyndan terbiýe we bilim alýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda berilýän terbiýäniň we bilimiň hilini döwrebap alyp barmak, milli mirasymyzyň nusgalyk usullary esasynda okuw-tehniki enjamlary, täze pedagogik tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döredijilik okuwlary bilim bermegiň iň ähmiýetli usuly hasaplanylýar. Döredijilik okuwlary çagalaryň, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny

Sungatdan serpaýly nesil

Ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň durmuş bagtyýarlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň subutnamasydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda Watanymyzyň hem halkymyzyň geljegi bolan çagalar hakyndaky aladanyň çäklerinde olaryň sagdyn ösüp ulalmaklary, döredijilik işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, sport we sungat mekdepleri ýaş nesilleriň hyzmatynda goýulýar. Ýurdumyzda zehinli çagalaryň döredijilik we ders bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Ýaşlara dünýä dillerini öwretmek

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Şeýle bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara ylym-bilim öwretmek, olary milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek esasy ugurlarymyzyň biri bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimizi we dünýä dillerini ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Dil — aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda dil dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmek, bilim almak ýaşlaryň baş maksadyna öwrüldi. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» aýratyn uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda täze üstünlikler gazanylýar, kämil we zehinli ýaşlary ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin döredilýän şertlerden habar berýär.

Halkymyzyň asylly ýörelgesi

Türkmen halkymyz şöhratly taryhynda milli gymmatlyklary, ajaýyp ýörelgeleri kemala getiripdir. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem ýaşlary terbiýelemek, kemally nesilleri ýetişdirmek ýaly milliliklerimizdir. Bu hakynda beýan edenimizde taryhyň dürli döwürlerinde döredilen eserler, şadessanlar, nakyllar, pähimler aýdyň mysal bolup durýar. Milli terbiýämiziň asylly ýörelgeleri esasan halkyň döreden nakyllarynda hem-de pähimlerinde beýan edilipdir. Biz şeýle pähimlere ýüzlenip, ata-babalarymyzyň kämillik mekdebine göz ýetirýäris. Sebäbi aýdanyňda bu pähimlerde kämilligiň mekdebi bar, asyrlaryň tejribesini geçen ýol-ýörelgeler bar. Nakyllar diňe bir terbiýe bermegiň baş ýörelgesi bolman, eýsem, ýaşlaryň dil medeniýetini ösdürmekde, söz baýlyklaryny baýlaşdyrmakda hem örän ähmiýetlidir. Çünki nakyllarda ene dilimiziň baýlyklary, sözleriň manysy saklanýar. Şonuň üçin hem pikirlerimizi beýan edenimizde nakyllara ýüzlenmek, pähimli sözlere salgylanmak medeniýetliligiň gözbaşydyr. Munuň özi ýaş nesilleriň terbiýesinde hem hut şeýledir. Ýaş nesiller pähimli sözleri tiz öwrenýärler, onuň manysyna düşünmäge girişýärler. Bu bolsa olarda milli gymmatlyklarymyza, milli ýörelgelerimize sarpa bilen garamaga giň mümkinçilikleri döredýär.