«Çeşmejigiň» üstünligi

10 Maý 2021
2270

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň şanly wakalary bütin halkymyz bilen bir hatarda bilim işgärlerinde-de uly ruhubelentlik döredýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini hem berýär. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň arasynda guralýan dürli bäsleşikler bu ugurda zähmet çekýän bilim işgärlerinde hyjuw, yhlas, söýgi döredýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi ýurdumyzda hereket edýän çagalar baglarynyň arasynda «Iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigi yglan etdi. Bu bäsleşigiň şäher, etrap welaýat tapgyrlary üstünlikli geçirildi. Bäsleşikde çagalar baglarynda okuw dersleriniň we meşgullanma sapaklarynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda guralyşyna, toparlarda bezeg işleriniň döwrebaplygyna, içki gözegçiligiň ýola goýluşyna we onuň netijeliligine baha berildi. Şeýle hem çagalar baglarynda iş resminamalarynyň ýöredilişine, usuly işleriň mazmunyna we görnüşlerine, terbiýeçileriň gazanan netijelerine, işjeňligine, çagalaryň dürli bäsleşiklerde görkezen netijelerine, ata-eneler bilen alnyp barylýan işlere, abadanlaşdyryş we abatlaýyş işlerine seredildi.