Dil — akylyň açary

11 Maý 2021
986

Ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenmegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de onuň abraýyny halkara derejesinde ýokarlandyrmak, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Onuň üçin Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy we daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Döwrebap bilim almagy, dünýä dillerini bilmekleri üçin döredilýän şeýle mümkinçilikden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ýaşlar göwün söýen dillerini öwrenýärler. Dil bilmek danalygyň we çuňňur düşünjäniň çeşmesi, ähli üstünlikleriň açarydyr. Sebäbi dostlukly halklaryň dillerini bilmek dünýägaraýşyňy ösdürmekdir, ylmy çeşmeleri öwrenmäge giň mümkinçilikdir.

Akjemal SÖHBEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.