Sapaklary utgaşykly guramak

11 Maý 2021
1089

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky talaplaryndan ugur alyp, biz — mugallymlar her bir sapagyň täsirli bolmagy ugrunda çalyşýarys. Häzirki wagtda Watanymyz gün-günden gülläp ösýär. Şol sanda Aşgabat şäheriniň ösüşi her birimiziň kalbymyzda buýsanç döredýär.

Okuwçylara asylly terbiýe, döwrebap bilim bermek her bir mugallymyň öňünde durýan esasy wezipedir. Matematika sapagynda sapakdan daşary geçirilýän çäreler okuwçylaryň gözýetiminiň giňemegine ýardam berýär. Olarda Watanymyza, halkymyza söýgi döretmekde we ösdürmekde matematika dersine hem aýratyn orun degişli bolup durýar.

Baýramgül TÄŞLIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.