Halkymyzyň asylly ýörelgesi

9 Maý 2021
987

Türkmen halkymyz şöhratly taryhynda milli gymmatlyklary, ajaýyp ýörelgeleri kemala getiripdir. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem ýaşlary terbiýelemek, kemally nesilleri ýetişdirmek ýaly milliliklerimizdir. Bu hakynda beýan edenimizde taryhyň dürli döwürlerinde döredilen eserler, şadessanlar, nakyllar, pähimler aýdyň mysal bolup durýar. Milli terbiýämiziň asylly ýörelgeleri esasan halkyň döreden nakyllarynda hem-de pähimlerinde beýan edilipdir. Biz şeýle pähimlere ýüzlenip, ata-babalarymyzyň kämillik mekdebine göz ýetirýäris. Sebäbi aýdanyňda bu pähimlerde kämilligiň mekdebi bar, asyrlaryň tejribesini geçen ýol-ýörelgeler bar.

Nakyllar diňe bir terbiýe bermegiň baş ýörelgesi bolman, eýsem, ýaşlaryň dil medeniýetini ösdürmekde, söz baýlyklaryny baýlaşdyrmakda hem örän ähmiýetlidir. Çünki nakyllarda ene dilimiziň baýlyklary, sözleriň manysy saklanýar. Şonuň üçin hem pikirlerimizi beýan edenimizde nakyllara ýüzlenmek, pähimli sözlere salgylanmak medeniýetliligiň gözbaşydyr. Munuň özi ýaş nesilleriň terbiýesinde hem hut şeýledir. Ýaş nesiller pähimli sözleri tiz öwrenýärler, onuň manysyna düşünmäge girişýärler. Bu bolsa olarda milli gymmatlyklarymyza, milli ýörelgelerimize sarpa bilen garamaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Aýbölek YLÝASOWA,
Aşgabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň mugallymy.