Energetika ulgamy ösüş ýolunda

9 Maý 2021
1169

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmekde, halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmekde, bäsdeşlige ukyply senagat toplumlaryny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň abraýyny has-da belende götermekde energetika ulgamynyň ähmiýetiniň uly orna eýe bolandygyny yzygiderli belleýär.

Beýleki pudaklar bilen bir hatarda energetika ulgamy hem innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýan öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň täzeçe guralmagy netijesinde onuň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesindäki ýaly yzygiderli pugtalandyrylýar. Täze energiýa çeşmelerini tapmak, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, bu ugurda işlär ýaly, işine ökde hünärmenleri ýetişdirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Eziz halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna üns güýçlendirildi. Daşary ýurt maýadarlaryny bu ulgama çekmek bilen, energetika ulgamyna maýagoýum serişdeleri ep-esli derejede ýokarlandyryldy, birnäçe elektrik beketleri guruldy, energiýa çeşmelerinden ýokary kuwwatlylyga eýe bolan önümi almak üçin, ony işläp çykarýan enjamlaryň mukdary artdyryldy.

Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory.