Zehin zehinden zyýada

11 Maý 2021
1112

Maý aýynyň 5 — 8-i günlerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek onlaýn görnüşde halkara matematika bäsleşigi geçirildi.

Üç günläp dowam eden halkara bäsleşik iňlis dilinde alnyp barlyp, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň 200-si, şeýle hem Russiýa, Özbegistan, Gazagystan, Ukraina, Rumyniýa, Bolgariýa ýaly, jemi 17 döwletden zehinli talyplaryň 400-e golaýy gatnaşdy.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat KLYÇEW.