Guwanjymyz — bilimli nesil

10 Maý 2021
1159

Şu günler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaralar uly buýsanç bilen guramaçylykly geçirilýär. Golaýda şeýle dabaralaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda «Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly ylmy-taslama işleriniň sergisi geçirildi. Sergide ýaş alymlaryň we professor mugallymlaryň ylmy işleri boýunça maglumatlary, taýýarlan maketleri we täze oýlap tapan enjamlary görkezildi. Şeýle hem, serginiň dowam edýän günlerinde bu ýerde «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi bilen, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar we mekdep okuwçylary sergä gatnaşyp, nebit-gaz enjamlary we alnyp barylýan ylmy işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Häzirki wagtda uniwersitetimizde dürli ugurlar boýunça 29 sany ylmy gurnaklar işjeň hereket edýär.

Uniwersitetimizde mugallymlary, ylmy işgärleri, pudak boýunça alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi. Okuw we ylmy işleri ýokary derejede guramakda uniwersitetde döredilen maddy-tehniki binýatdan has netijeli peýdalanmaga çalşylýar. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary ylmy-barlaglaryň netijeli bolmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Uniwersitetiň tejribeli professor mugallymlary öz ugurlary boýunça dünýäde täze gazanylan ylmy täzelikler, olaryň ýokary netijeleri bilen talyplary we ýaş alymlary yzygiderli tanyşdyrýarlar. Bu bolsa talyplarymyzyň bu ugurda uly öňegidişlikleri gazanmagyna uly ýardam edýär.

Amanmyrat ARAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.