Talyplar bäsleşdiler

9 Maý 2021
1186

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda birinji orny eýelän talyp ýigitleriň 25-si gatnaşyp, üç şert boýunça ýaryşdylar.

Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, baş baýraga S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew, şeýle hem birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Hezretaly Annaberdiýew mynasyp bolmagy başardylar.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.