Ýaşlara dünýä dillerini öwretmek

9 Maý 2021
1048

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Şeýle bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara ylym-bilim öwretmek, olary milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek esasy ugurlarymyzyň biri bolup durýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimizi we dünýä dillerini ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Dil — aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda dil dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmek, bilim almak ýaşlaryň baş maksadyna öwrüldi. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» aýratyn uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda täze üstünlikler gazanylýar, kämil we zehinli ýaşlary ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin döredilýän şertlerden habar berýär.

Gülnar ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.