Ösen döwlet — eşretli döwür

12 Maý 2021
1070

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Bazar gatnaşyklarynyň häzirki şertinde täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen döwrüň talaby özgerýär. Häzirkizaman bazar ykdysadyýetinde wagt esasy orny eýeleýär. Wagty tygşytly ulanyp, meýilnamany takyk ýerine ýetirmek döwrüň esasy talabydyr. Elektron resminamalaryň elýeterliligi, olaryň gorag üpjünçiliginiň berkligi, ýurduň islendik künjeginden zerur resminamalary edinmek mümkinçiligi ýaly şertler raýatlarymyz üçin amatly maglumat gurşawyny emele getirýär. Netijede raýat öýünde ýa-da iş ýerinde internet sahypasyndan peýdalanyp, birnäçe resminamalary tiz wagtda edinip, ýollap, kabul edip bilýär.

Maral JORAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.