Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň orny

11 Maý 2021
1088

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylymyzyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuňňur mazmunly taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr». Bu möhüm wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerine hem uly orun degişlidir.

Belli bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda, has takygy, 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklandy. Bu Döwlet maksatnamasy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji möhüm resminama bolup durýar.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.