Okuwlary guramagyň esasy ugry

9 Maý 2021
1167

Ýagty ertirlerimiz, ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar biziň şatlygymyzyň gözbaşydyr, durmuşymyzyň gülüdir, ýaşaýşymyzyň bezegidir. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy üçin eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn we düýpli ylma esaslanýan maksatnamalary esasynda beýik işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, ýaş raýatlarymyz bolan çagalar hakyndaky alada döwletimiziň geljeginiň has rowaç hem bagtyýar bolmagynyň kepilidir. Çünki, bu günki çagalar ertir döwletimiziň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglary we mekdepler yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Olarda ýaş nesillerimiziň müňlerçesi ussat hünärli terbiýeçiler, mugallymlar tarapyndan terbiýe we bilim alýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda berilýän terbiýäniň we bilimiň hilini döwrebap alyp barmak, milli mirasymyzyň nusgalyk usullary esasynda okuw-tehniki enjamlary, täze pedagogik tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döredijilik okuwlary bilim bermegiň iň ähmiýetli usuly hasaplanylýar. Döredijilik okuwlary çagalaryň, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny, işjeňligini ýokarlandyrmak, pikirleniş başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň iş tejribesinde giňden ornaşdyrylýar. Okuwçylaryň okuw dersleri boýunça alan düşünjelerini çuňlaşdyrmak, durmuşda döredijilikli ulanmak, ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmak isleglerini ösdürmek, eziz Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak höwesini ýokarlandyrmak döredijilik okuwlarynyň esasy maksady bolup durýar. Çagalar bagy bilen başlangyç synplaryň arasynda yzygiderlilik ýola goýulýar. Şu nukdaýnazardan, başlangyç bilimiň wezipesi okuwçynyň şahsy aýratynlygyny açmakdan we olaryň öz başarnyklaryny peýdalanyp bilmek mümkinçiligini döretmekden, döredijilikli pikirlenmesini kemala getirmekden, ösdürmekden, okamak islegini we başarnygyny kemala getirmekden, edep-terbiýe bermekden ybaratdyr. Mugallym, terbiýeçi yhlasly zähmeti, döredijilikli çemeleşmesi esasynda her bir sapagyň öz maksadyna ýetmegini, berilýän bilimiň talabalaýyk bolmagyny gazanýar.

Amangül HANOWA,
Köneürgenç şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.