Talyplara saz sungatyny öwretmek

11 Maý 2021
926

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyza, esasanam ýaşlarymyza asyrlardan aşyp, nesilden-nesle geçip gelen medeni-ruhy gymmatlyklary düşündirmek medeniýet edaralarynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Saz mugallymy hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň taýýarlygynda mekdep repertuary dersi uly orun tutýar. Tassyklanan meýilnama talyplar bilen dürli görnüşde sapak geçilmegi göz öňünde tutýar. Nazaryýet sapaklary tejribe, ýekebara sapaklar bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Saz pedagogikasyny öwredýän mugallymlaryň öňünde hünärmenleriň köpugurly taýýarlygyny gowulandyrmak, talyplara diňe bir okuw işinde däl-de, eýsem, tejribe işinde-de zerur bolan başarnyklary we endikleri kämilleşdirmek wezipesi durýar. Şeýlelikde, eýýäm okuw döwründe talyplar hünärmenlere öwrülmeli, ýagny professional işi üçin möhüm bolan bilimleri we başarnyklary ele almaly. Şonda olar pedagogik ussatlygyň ýokary derejesine ýetip bilýärler.

Aýjemal NAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.