Bilim — ösüşleriň binýady

9 Maý 2021
1020

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, asylly ýörelgelerini öwretmek, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler depginli alnyp barylýar.

Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, umumybilim we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasyna täze sapaklar girizilip, ýaşlaryň bilim ummanyna has-da çuňňur aralaşmaklary, dünýägaraýyşlarynyň giňemegi, pähim-parasada gol ýapan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bu gün bilim edaralary okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün edilýär, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar.

Şatlyk MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.