Sungatdan serpaýly nesil

9 Maý 2021
1039

Ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň durmuş bagtyýarlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň subutnamasydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr» diýip belleýär.

Ýurdumyzda Watanymyzyň hem halkymyzyň geljegi bolan çagalar hakyndaky aladanyň çäklerinde olaryň sagdyn ösüp ulalmaklary, döredijilik işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, sport we sungat mekdepleri ýaş nesilleriň hyzmatynda goýulýar. Ýurdumyzda zehinli çagalaryň döredijilik we ders bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Gülşirin HAJYMYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.