Körpeler — durmuşyň güli

11 Maý 2021
1194

Türkmenistan Watanymyz — bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe alşy bilen baglanyşykly aladalar şeýle diýmäge esas berýär. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň döwrebap binalarydyr desgalarynyň hereket etmegi ýaş nesil hakdaky aladanyň nyşanydyr.

Bagtyýar körpelere çagalar bagyna gatnaýan döwründen eýýäm daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy öwredilip başlanýar, olarda milli mirasa, daşky gurşawa söýgi döredilýär. Munuň özi körpeleriň watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmegine itergi berýär.

Bilbil NURÝAGDYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň müdiri.