"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgam ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Çünki sanly ulgam diňe bir döwrebaplygy aňlatman, eýsem, tizligi we işleriň sazlaşykly amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda dünýäde sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňeýär, täze-täze şertler emele gelýär. Dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin ösen sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek üstünligiň binýadydyr. Sanly ulgam ylmy esasda öwrenilende, birnäçe ugurlar her birimiziň ünsümizi çekýär. Sanly ulgamda dürli portallar bilen işlenilýär, programma üpjünçiligi amala aşyrylýar, kiberhowpsuzlyk ýola goýulýar. Umuman, häzirki wagtda sanly ulgamy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly ulgamyň ünsüňi çekýän esasy ugurlarynyň biri hem sanly howpsuzlygy üpjün etmek, ýagny kiberhowpsuzlykdyr. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny milli kiber giňişligini dolandyrmakda, ony wehimlerden hem-de monitoringden goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda döredilýän mümkinçilikler bilen bir hatarda, ýaşlara hem sanly ulgam hakynda bilimler öwredilýär. Häzirki wagtda ýaşlar kompýuter tehnologiýasyna oňat düşünýärler we dürli amallary ýerine ýetirýärler. Bu babatda ýokary okuw mekdeplerinde giňişleýin bilim berilýär we ol netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwrebap bilim, terbiýe bermegi ähli zatdan belentde goýýan hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ylmynyň ýeten derejelerini ýurdumyzyň bilim ulgamyna düýpli ornaşdyrmagy möhüm wezipe hasaplaýar. Bilim ulgamyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga giň mümkinçilikler döredýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ministrligiň ýolbaşçy düzümi, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle-de umumybilim edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Akyldar şahyra buýsanç

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrüldi. Şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu ajaýyp ýerde dünýä edebiýatynyň wekilleriniň heýkelleri hem ýerleşdirilendir. Munuň özi ýurdumyzda halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklara, nusgawy edebiýata aýratyn üns berilýändigini aýdyň beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň eserleri adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli taraplaryna öz şuglasyny çaýýar. Şahyryň her bir şygrynyň many-mazmuny durmuşyň, adamzadyň meselelerini açyp görkezýär. Akyldaryň ynsana goýýan hormaty bimöçberdir. Adamlara hoşamaýlyk, duýgudaşlyk, il-halkyňy söýmek, milli mertebäňi sylamak şahyryň döredijiliginiň özenini düzýär.

Ýaş nesil — röwşen geljegimiz

Maşgala jemgyýetiň ilkinji düzüm bölegi bolmak bilen, ol bagtyýar durmuşyň berk daýanjy we edep-terbiýe ojagy hasaplanýar. Edep-terbiýe ojagy hasaplanýan agzybir maşgala jemgyýeti jebisleşdirýär, ata Watanymyzy kuwwatlandyrýar. Maşgaladaky ilkinji terbiýe kämil çaganyň kemala gelmeginde uly orun tutýar. Çaga terbiýesine ene-atalar bilen birlikde, maşgalanyň ähli agzalary hem gatnaşýar. Şeýle hem çaganyň ýokary ahlakly, giň düşünjeli bolup ýetişmeginde jemgyýetiň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen maşgalasynda kemala gelýän ýaş nesle berilýän edep-terbiýäniň many-mazmuny giň hem köptaraplydyr. Maşgala terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýete ilkinji durmuş sapaklaryny berýänligindedir. Çaga geljekdäki durmuş hereketlerine we onda özüňi alyp barmagyň dürli tärlerine gollanma alýar. Maşgala we jemgyýetçilik terbiýesi çagalaryň hem-de terbiýeçileriň öz aralaryndaky gatnaşyklary esasynda gurulýar. Çaga terbiýesi, durmuşda köp öwrenilmeli zerur meseleleriň biridir. Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynda-da çaga, nesil terbiýesi, ol hakdaky däpler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, bagtyýar döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýe. Halk döredijiligi, ylaýta-da, nakyllar ýol görkeziji şamçy

Ylym-bilim — rowaçlygyň binýady

Jemgyýetiň we döwletiň binýadynyň berk bolmagy hem-de gülläp ösmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ýurtda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem Diýarymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, kämil bilimli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem döwrüň talabyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan köpugurly işler ýola goýulýar. Türkmen ýaşlaryny belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan gymmatly gollanmadyr. Arkadagly Gahryman

Kämilligiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýokary we beýleki synplaryň synaglary boýunça taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Bu möhüm işler uly many-mazmuna eýe bolup, ýaşlaryň bilimine oňat täsir edýär, çünki synaglaryň netijesinde ýaşlaryň ukyp-başarnyklary ösdürilýär. Usuly merkez hökmünde tanalýan, hormatly mugallym, ilhalar ynsanyň adyny göterýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň uçurymlary hem gutardyş synaglaryna guramaçylykly taýýarlyk gördüler. Şu ýylda mekdebi 48 uçurym tamamlaýar. Gutardyş synaglary ýaşlaryň alan bilimlerini kämilleşdirmegine ýardam berýär.

Hoş gal, eziz mekdebim!

Seniň goýnuňda geçdi,Çagalygym, ýaşlygym.Gündeligmi bezedi,Alan her bir bäşligim. Hoş gal, eziz mekdebim,Unutmaryn hiç haçan.Sensiň meniň geljegme,Durmuşyma ýol açan.

Tapmaçalar we matallar

Batyr bilen Gulaja,Mydam gezer bileje. (Adam we onuň kölegesi).

Muny bilmek gyzykly

Balyklar hakynda Tebigaty we haýwanat dünýäsini öwrenenimizde özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan balyklara ünsümiz çekilýär. Balyklar hakyndaky täsin maglumatlar örän gyzyklydyr. Deňiz jandarlary hasaplanýan balyklaryň iň kiçi we äpet uly görnüşleri bar. Dünýäde iň uly balyk 18 metr, agramy 25 tonna bolan läheň akuladyr. Ýene bir täsin maglumat iň kiçi balyklar hakyndadyr. Has takygy, maýda maňňalça iň kiçi deňiz balygy hasaplanýar.

Ýaşuly çopanyň gürrüňi

Çagalar, siziň okajak gysgajyk «Ýaşuly çopanyň gürrüňi» hekaýaňyz sözleýşiňizi ösdürmek üçin ýardam eder. Üns beriň, sözlerde haýsy harplara has köp duş gelinýär, ol harplar haýsylar? Ajap eje agtyjaklary bilen saçak ýazmaga başlady. Juma suwly jürdegi alyp, daýysy Çerkez çopanyň eline suw akytdy. Olar üýşüp oturdylar. Goňşy gyzlar hem geldi. Ýaşuly çopan çagalara çöl jandarlary barada gürrüň berdi:

Mugallymlaryň iş tejribesi

Şu ýylyň 27—28-nji maýynda  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen döwlet bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlary gatnaşyp, özleriniň bilim başarnyklaryny ussatlarça ýüze çykarmagy başardylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň barşynda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde ýaşlar hakyndaky alada bar. Ýaş nesilleriň hemmataraplaýyn sazlaşykly ösüşinde, aň-bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň baýlaşmagynda ussat mugallymlaryň ýerine düşýän yhlasly zähmetiniň miwelerini görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan bilimli hünärmenleri taýýarlamak, tejribeli mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen döwlet bäsleşiginiň üstünlikli geçendigini nygtamak bolar.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji maýy) Hormatly adamlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Akyldar şahyryň döredijiligine sarpa

Bu günki gün bagtyýar türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşamak bilen, yhlasly zähmet çekýär. Şonuň bilen bir hatarda, häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şa-hyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýulýar. Adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna akyl ýetiren akyldar şahyryň edebi mirasyndaky, baý döredijiligindäki, şirin owazly şygryýetindäki umyt-arzuwlary häzirki döwürde hasyl boldy, wysala gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär, dünýäde giňden wagyz edilýär. Häzirki wagtda şahyryň döredijiliginiň türkmen we Gündogar halklarynyň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Nusgawy edebiýatyň çyragy

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellenilýär. Dana şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun aldy. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, beýik akyldaryň eserleri ähmiýetini ýitirmän, eýsem, bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçinem akyldaryň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary Ýer ýüzüniň islendik künjeginde ýaşaýan adamlaryň kalplarynda orun alýar. Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda türkmeniň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikleriň oturdylmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr.

Döwletli döwrana buýsanç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiň zamanasy bolup, bu döwürde amala aşyrylýan beýik işler hem-de oňyn özgertmeler taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, oňyn özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işler, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy halkymyzyň kalbynda buýsanç döredýär. Çünki milli medeniýet halkyň ruhy dünýäsi, ýaşaýyş durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda milli medeniýete we halk döredijiligine, pähimli sözlere üns beripdir. Bu günki ösüşli döwrümizde hem bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaşlar milli ruhda terbiýelenýärler, milli mirasymyz hakynda olara düşünje berilýär. Bu günki ýaşlar milli medeniýetimize, gadymdan gelýän mirasymyza, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerine buýsanýarlar.

Çagalar biziň geljegimizdir

Ynha, ýaş nesliň arzyly möwsümi bolan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwri hem golaýlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Watanymyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda çagalaryň bilim, terbiýe, dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we bilim edaralarynda maslahatlar geçirilýär. Bu maslahatlarda möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeginde — Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminde körpe nesillerimiziň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar hem-de ähli şertler döredilýär.

Baýramçylyk dabarasy

26-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy şatlyk-şowhuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, halyçylyk sungatyny ösdürmekde, has-da baýlaşdyrmakda, halyçy zenanlarymyza sylag-hormat goýmakda asylly işler alnyp barylýar. Nepis sungat bolan türkmen halylaryna bagyşlanyp geçirilen dabaralar milli mirasymyzy wagyz etmekde netijeli häsiýete eýe boldy. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Biz hem gazetiň şu sanynda halyçy zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Annabegi NURÝAGDYÝEWA,Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi:

Aýdym-sazly çäreler guraldy

Ýurdumyzda 25-nji maý güni uly dabara, şatlyk-şowhuna beslendi. Ol gün umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli jemlenmesiniň nyşany «Soňky jaň» dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň güni uly ruhubelentlik bilen bellenildi. Orta mekdeplerdäki «Soňky jaň» dabarasy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirildi. Oňa mekdepleriň okuwçylary, uçurymlar, mugallymlar we ene-atalar işjeň gatnaşdylar. Şu ýyl umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary döwlet we halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara işjeň gatnaşdylar. Munuň şeýledigine oňat görkezijiler, has takygy, okuwçylaryň gazanan ýeňişleri, üstünlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şatlykly pursatlar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri barada edilýän alada hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak, arzuwlaryny amala aşyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Röwşen geljegimiz ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, okaýarlar, öwrenýärler. Bagtyýar ýaşlar özlerine bildirilýän ynama mynasyp iş bilen jogap bermek üçin täze tehnologiýalara, kompýuterlere ökdelik bilen erk edip, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, türkmen ylmyny dünýä ýaýýarlar. Muny olaryň gazanýan ýokary netijeleri-de görkezýär. 2023 — 2024-nji okuw ýyly bilim işgärleri, mugallymlar, şeýle hem bilim