Döwletli döwrana buýsanç

26 Maý 2024
469

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiň zamanasy bolup, bu döwürde amala aşyrylýan beýik işler hem-de oňyn özgertmeler taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, oňyn özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işler, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy halkymyzyň kalbynda buýsanç döredýär. Çünki milli medeniýet halkyň ruhy dünýäsi, ýaşaýyş durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda milli medeniýete we halk döredijiligine, pähimli sözlere üns beripdir. Bu günki ösüşli döwrümizde hem bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaşlar milli ruhda terbiýelenýärler, milli mirasymyz hakynda olara düşünje berilýär. Bu günki ýaşlar milli medeniýetimize, gadymdan gelýän mirasymyza, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerine buýsanýarlar.

Gunça ABDYÝEWA,
Kerki etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar