Ösüşiň möhüm ugry

2 gün öň
117

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine barýar. Ösüşiň täze belentliklerinde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanýandygyny, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilýändigini aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçin hem halkymyz ertirki günlerimiziň hem has abadan, eşretli, sapaly boljakdygyna ynanýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda, ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän işler esasy ugurlaryň biridir. Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetindäki döwrebap özgertmeler eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz syýasy taýdan kämil, ykdysady tarapdan kuwwatly, durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. Muňa ýurdumyzda gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, dürli durmuş maksatly binalar, mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary mysal bolup biler. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegi we özgermegi döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda arman-ýadaman zähmet çekmäge güýç-kuwwat berýär.

Altynaý ALLANAZAROWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.