Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

15 Sentýabr 2024
161

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy.

Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze mümkinçiliklerini açýar.

Rahym SAPARMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.