«Hakyda göwheri» — halkymyzyň nusgalyk ýoly

2 gün öň
145

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň gadymy taryhynyň, baý mirasynyň we medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ýerleşdirilen halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy barada durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler baradaky ylmy garaýyşlar ähli halkymyz bilen bir hatarda, ýaşlar, galyberse-de, geljekki nesiller üçin gymmatly edebi hazynadyr. Ajaýyp eserleri bilen halkymyzy täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri baý durmuş tejribesini özünde jemleýän türkmeniň gadymy taryhynyň özboluşly beýanydyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.