Ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ugurlar

15 Sentýabr 2024
196

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy.

«Mugallymlar gazeti».