Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk mukamy

2 gün öň
123

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramy ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk — bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.

Häzirki wagtda oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň döwrebaplaşdyrylmagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Şol bir wagtda uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Çünki ata Watanymyzda dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly hem-de hemişelik bolýandygyna berk ynanýarys we şu ýörelgä pugta eýerýäris. Türkmenistana dostluk goluny uzadýan ýurtlaryň hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge döwtalap we bu ugurdaky hyzmatdaşlyklara uly gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň sanynyň barha artýandygy biziň bu ýörelgämiziň Ýer ýüzünde goldanylýandygyny aňladýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Wepa GUZYÇYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Görogly etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.