Belent üstünlikleriň beýany

1 gün öň
143

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň dabaralanýan ýurduna öwrüldi.

Ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan daşary syýasat netijesinde ösüşiň täze belentliklerine göterilýän Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda döwrebap hyzmatdaşlyklar üstünlikli ýola goýulýar. Ösen döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň kuwwatynyň halkara derejesinde pugtalandyrylmagy netijesinde, parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde beýik işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar döwrebap ösdürilýär. Şeýle hem dünýäniň ençeme abraýly guramalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlyklarynyň täze tapgyrynyň rowaçlanmagy ýurduň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan demokratik ýurt hökmünde belende göterilmegini alamatlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda içeri we daşary syýasatyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki ýola ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwleti bu gün ösýär, özgerýär we dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny tapýar.

Nurylla REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.