Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

2 gün öň
115

Terbiýeçilik işinde mekdebiň we maşgalanyň orny

Çaganyň mekdebe çenli terbiýesi örän jogapkärli bolup, ol çaganyň jemgyýetiň agzasy hökmünde kemala gelýän döwri hasaplanýar. Çaga özünde tiz-tizden döreýän «Bu näme? Näme üçin beýle?» diýen ýaly soraglara jogap tapmaga synanyşýar we olary ulularyň kömegi bilen özleşdirmäge ýol açýar. Bu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine hem esasy orun degişlidir. Mekdep gapysy bolsa, çaganyň durmuşynda täze bir dünýäni açýar. Şeýle döwürde mekdep bilen maşgalanyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk emele gelýär. Diýmek, jemgyýetiň her bir agzasynyň sagdyn bolmagynda maşgala esasy wezipeleriň birini ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, orta mekdebiň mugallymlarynyň ata-eneler bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Maşgala terbiýesine köp üns berilýän ýerde, nesil terbiýesiniň milli ýörelgeleriniň esasynda ýaşlary terbiýelemäge ummasyz köp goşant goşulýar. Bu işlere guraýan terbiýeçilik sagatlarymyzda aýratyn üns berýäris. Umuman, döwrüň, ösen jemgyýetiň talaplaryna laýyk gelýän nesli terbiýelemek üçin mekdep bilen maşgalanyň arasynda sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin mekdep we beýleki bilim-terbiýe edaralarynyň her biri ata-eneler bilen ýygjam gatnaşykda bolmalydyr. Çünki sagdyn nesli terbiýelemegiň esasy ojagy maşgaladyr. Sagdyn maşgalada berilýän göreldeli terbiýe bolsa, Watan berkararlygynyň özenidir.