"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bedenterbiýe we sport — kämillige badalga

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenleri, tälimçileri, beýleki degişli hünärmenleri hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eziz Diýarymyzyň ençeme nesillerine bedenterbiýe we sport ugrundan bilim-terbiýe berip, ussat bedenterbiýe mugallymlarynyň, sportuň görnüşleri boýunça tälimçileriň müňlerçesini ýetişdirdi. Ýokary okuw mekdebinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sport abraýyna mynasyp goşant goşýan, halkara ýaryşlarda Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýan ezber türgenleriň ençemesi kemala geldi.

Ömür menzilinde ýakymly sene

Ynsan durmuşyny bezeýän biri-birinden ähmiýetli, biri-birinden şatlykly seneler sanardan kän. Şol seneleriň içinde aýratyn bir sene seni ömrüň her tapgyrynda özboluşly röwüş bilen garşylap, saňa täzeden-täze bagt eçilýär. 1-nji sentýabr! Meniň ak mekdebe tolgundyryjy hem şatlykly duýgular bilen ilkinji gezek gadam basan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň mähriban mekdebimiň gujagyndan uçurym bolup, ganat ýaýyp, öz arzuwymdaky ýokary okuw jaýyna gelip gonan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň her günümi ynsan saglygyny goramagyň maksady bilen ýaşap, degişli bilim alyp, öz okan ýokary okuw mekdebimiň bosagasyndan mugallym bolup buýsanç bilen ätlemegime şaýat bolan gün! Mende seniň bilen bagly süýji ýatlamalar, näçe diýseň köp?! Bagtyýar ene hökmünde bu gün men öz ýatlamalarymyň üstüni bu taryhy senede balajyklarymyň gül çemenli elinden tutup, ak mekdebe eltmegim bilen dolduryp bilýändigimi hem begene-begene aýdasym gelýär. Nesip bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleriniň birinde perzentlerime öz arzuwlan ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyplary bolmak bagty hem miýesser eder. Şonda men olaryň begençden ýaňa lowurdaýan gözlerine seredip, öz ýanymdan güýz paslynyň her bir ynsan üçin neneňsi şatlykly hem arzyly gündügini ýene bir gezek tassyklaryn. Şeýde-şeýde bu ýatlamalaryň yzy agtyk-çowluklarymyzyň şatlygyna şärik bolmagymyz bilen utgaşyp, hemişelik dowam

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Şageldi SALYHOW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:

Gadamyň batly, ädimiň şowly bolsun!

Mekdep möwsüminiň başlanmagy bilen, alty ýaşyny dolduran körpejeler çagalar baglary bilen hoşlaşyp, ak mekdeplere gadam basdylar. Ýaş nesli sagdyn, bilimli, ruhubelent, watansöýüji edip ýetişdirmekde hormatly mugallymlaryň we ene-atanyň orny uludyr. Çagalar köp zady bilesi gelip, okuwa uly höwes bilen gatnaýarlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen olaryň gün tertibi, iýmiti, dynç alşy düýpgöter üýtgeýär. Mekdebe ilkinji gezek gadam basmak bilen, öwrülişikli pursady başdan geçirýän çagalaryň ruhy we beden saglygyny goramak, mekdebiň gün tertibine öwrenişdirmek birbada kynrak düşýär. Şeýle-de bolsa, çaganyň gün tertibiniň dogry guralmagyny, onuň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, ýeterlik dynç almagyny, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegini gazanmak zerurdyr. Bu babatdan, mugallymlar, ene-atalar çaga täze durmuşa uýgunlaşmaga, özgerişlikleri kabul etmäge kömek bermelidirler. Mekdep ýaşyndaky çagalaryň oňurga süňküniň doly bekeşmeýänligi sebäpli, göwre durşunyň nädogrulygy, esasan hem, mekdep döwründe ýüze çykýar. Çaganyň oturgyçda dogry oturmaklygyň düzgünlerini bilmezligi, doly we dogry berjaý etmezligi ýaşlykdan çagalaryň oňurgalarynyň gyşyk ösmegine, oňurga süňkleriniň gurluşynyň näsazlyklary bilen bilelikde, içki agzalaryň işleriniň bozulmagyna, netijede, dürli keselleriň ýüze çyk

Bilim — bagtyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romanynda: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer» diýip belleýär. Nesilleri belent derejelere göterjek goşa ganat bolsa watansöýüjilik hem-de ylym-bilimdir. Ylym-bilimiň halkyň ýaşaýşynda tutýan orny babatda Gahryman Arkadagymyz çuňňur parasatlylyk bilen: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip belleýär. Dogrudan-da, milletiň baky bagtyýarlygynyň kökleri-de, ýagty geljeginiň aýdyň şuglasy-da, ilkinji nobatda, ylym-bilimden gözbaş alýar.

Röwşen geljegimiziň aladasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil bilimli, giň gözýetimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek ugrunda edýän aladalary ýurdumyzyň ýaşlaryny has-da begendirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenen çagynda açylyp ulanylmaga berlen mekdeplerdir çagalar baglary hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsi boldy. Ak bugdaý etrabynyň ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri-de şol şatlyky günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylmagydyr. Döwrebap bilim ojagynda ýaş nesliň bilimleri çuňňur özleşdirmegi, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi babatynda ajaýyp şertleriň göz öňüne tutulmagy, okuw otaglarynyň okatmagyň iň häzirki zaman enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi her birimizi buýsandyrýar.

Nesilleriň merdanalyk mekdebi

«Bu Watan şeýlebir mukaddes Watan»... Golaýda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyşynda teatr ussatlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda ýaňlanan bu ganatly sözler dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iki ýyl mundan ozal düýbi tutulan döwrebap toplum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy bilen açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde bina edilen täze toplum paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar hem-de Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ol okuw we dolandyryş, okuw, naharhana, ýatakhana, lukmançylyk, goşmaça okuw, sport binalaryny, awtoduralgany hem-de beýleki tehniki desgalary özünde birleşdirýär. Bu ýerde Watany goramagy ykbalyna öwürmegi maksat edinen ýaş oglanlar taýýarlanylýar.

Mugallymyň mertebesi

Asylly kärinden kemal tapan ussat mugallymlaryň geçen ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Biz bu gün asyra barabar ýaşly bilim ojagynda — Gyzylarbat etrabyndaky 20-nji orta mekdepde 45 ýyldan gowrak wagt bäri ýaş nesle bilim-terbiýe berýän halypa mugallym, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ogultagan Hojagulyýewanyň zähmet ýolundan söhbet açmagy müwessa bildik. 1958-nji ýylda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Ogultagan Hojagulyýewa kiçiliginden taryhyň we edebiýatyň muşdagyna öwrülýär. Gadymy miras, söz sungaty bilen içgin gyzyklanan ýaş zehinli gyzjagazy halypa mugallymlar Güljeren Padyýewanyň, Annamuhammet Ussaýewiň sapaklary özüne ýüpsüz kökerip goýýar.

Döwletliler köşgünden talyplyga gadam

Şu ýyl talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň arasynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň zehinli uçurymlarynyň ençemesi bar. 1-nji sentýabrda ilkinji gezek täze okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätlän bu talyplar okamak üçin ähli şertleri döredýän, ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Ussat mugallyma tagzym — bilim dünýäsine ak ýol

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň başy ömrüni, ykbalyny Watana, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ynsan Berdimuhamet mugallymyň heýkeline ter gül desselerini goýmak bilen başlandy. Baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Soňra baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly çäreler «akylly» şäheriň ähli bilim ojaklarynda dowam etdi. Dabarada ajaýyp şäherde döwrebap mekdepleri gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

«Ilkinji jaňyň» owazy

1-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki ýokary, ýörite orta hünär okuw we umumybilim berýän mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň gapysy giňden açylyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleri bu toý gününde örän owadan keşbe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäherindäki bilim ojaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Säher bilen mekdeplere we çagalar baglaryna ilkinji ädimlerini ätlän elleri gül desseli çagalary mugallymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Ýaşlaryň şäherinde ýöriteleşdirilen bilim ojagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäresi ajaýyp Arkadag şäherinde hem uly dabaralara beslendi. Bu baýramçylyk gününde Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň açylmagy «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň, bilim işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Döwrebap bilim ojagynyň açylyş dabarasyna edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de «akylly» şäheriň bagtly durmuşynda ilkinji gezek mekdebe gadam basýan körpelerimiz, bagtyýar çagajyklarymyz, olaryň ata-eneleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

Robototehnika: intellektual ösüş

Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkeziniň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Hünär baýramçylygyna serpaý

Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde bilim işgärleriniň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Aýdyň maksatlar

Bilim ynsanyň durmuş atly ýodasynyň çelgisi. Bilim ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen adamzat taryhynda aýrylmaz bir gymmatlyk bolup hyzmat edip gelipdir. Bilimli ynsanyň ýagty ertirleriniň boljakdygy ikuçsuz. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlary sary alyp gidýän aýdyň ýoldur. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Eýsem-de bolsa, bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ylym-bilim ählitaraplaýyn öwredilýär.

Umyt bagta ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir belent maksat ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň aýdyň subutnamasyny bolsa bu günki gün her bir ädimde görmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýän häzirki zamanasynda ylmyň öňdebaryjy tejribelerini, hünärlerini özünde jemleýän bu ýokary okuw mekdebinde talyp ýaşlara döwür bilen deň gadam urmaga, ukyply ussat hünärmenler bolup ýetişmäge ähli zerur şertler döredilen. «Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna mynasyp bolmak biz — talyp ýaşlar üçin egsilmez bagt, çuňňur buýsançdyr. Bize okamaga, öwrenmäge şeýle giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksiz!

Hasyl bolan arzuw

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň röwşen geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz — ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar. Meniň ýüregimde beslän arzuwym mugallym bolmakdy. Şu arzuwym meni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ gapysyndan getirdi. Bu gün maňa bu ýokary okuw mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniñ pars dili, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň begenjimiň çägi ýok. Geljekde öz alan hünärim boýunça jemgyýetimize özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Ruhy we milli gymmatlyklar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, kitap bilimiň açarydyr we ruhy hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem bu barada şeýle diýilýär: «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýarýan dostdur. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli eserlerine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Bu elektron kitaphana Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýygyndysyna gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin möhüm gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän taryhy wakalar, ata-babalarymyzyň nesillere goýup giden baý mirasy, däp-dessurlary, adatlary, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesi, maddy we medeni gymmatlyklary biziň üçin nusga, görelde bolup durýar. «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», şeýle-de türkmeniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan nepis türkmen halylary, ahalteke bedewleri, alab

Ylymlar ummanyny gulaçlap

Halkymyz çaga terbiýesine çynlakaý üns berýär. Munuň özi nurly ertir, röwşen geljek hakyndaky il-ýurt bähbitli meselelerden gözbaş alýar. Eždatlarymyz çaga bilim we edep-terbiýe berýän adamy onuň atalarynyň biri hasaplap, oňa belent sarpa goýupdyrlar. Şeýle ajaýyp garaýyş asyrlardan, heňňamlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ata Watanyň geljekki ykbaly bilen bagly meseläni hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan parasatly syýasatynda mydama ileri tutýar. Döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmek, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji we gujurly ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak ugrunda «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmatyna uly hormat goýýarys» diýip belleýär. Şeýle belent ada mynasyp bolup, talyp ýaşlara bilim bermekde döredijilikli zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de biziň ýokary okuw mekdebimiziň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatowdyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Sowatly ýaşlar — watanyň geljegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýän bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, sowatly, ukyply bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu bolsa, gözel Diýarymyzda ökde, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr.