Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen
Türkmenistan agzybirligiň, asudalygyň, parahatçylygyň tarapdary bolmak bilen, ynsanperwerlik we döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Şunda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hukugyň we diplomatiýanyň esasy ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşmasyny öz içine alýan işjeň gural bolup öňe çykýar. Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlarydyr başlangyçlary ählumumy derejede parahatçylygy goramak, howpsuzlyk we durnukly ösüş, sebit hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlarda resminamalary işläp düzmekde, kabul etmekde möhüm orun eýeledi. Munuň özi ýurdumyza üstaşyr energiýa geçirijilerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkara söwdadyr ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary we beýleki ugurlary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şu zatlar barada pikir edeniňde, türkmen döwletiniň islendik ýurduň dünýä giňişliginde yglan eden maksatnamalarynyň we iş ýüzündäki ädimleriniň mazmunyna, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmegiň açarynyň şol döwletleriň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglanyşygynda jemlenýändigi baradaky garaýşa gulluk edýändigine düşünmek kyn däl. Şeýle nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek hem-de ynsanperwerlik kadalaryny durmuşa geçirýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň hemişeli