"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

GDA agza döwletler demir ýol ulaglarynyň strategiki ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň demir ýol ulaglary geňeşiniň demir ýol ulaglaryny strategiki ösdürmek boýunça komissiýasynyň on ýedinji maslahaty geçirildi. Maslahat tehnologiki aragatnaşyk ulgamyny (TAU) ulanmak arkaly gibrid görnüşinde geçirildi. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi. Geňeşiň mejlisine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň demirýol administrasiýalarynyň wekilleri, şeýle hem Arkalaşyga agza döwletleriň demir ýol ulaglary Geňeşiniň direksiýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýokarlanýar

Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary ýurtlaryň gümrük edaralary, şeýle hem dürli halkara guramalar bilen özara hereketi işjeňleşdirýär. Muňa mysal hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygy aýdyp bileris. Türkmenistan BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä Gümrük Guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasyna» 2013-nji ýylda resmi taýdan goşuldy. Bu Maksatnamanyň çygrynda Aşgabat şäherindäki Merkezi gümrük terminalynda, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunda, Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda Port gözegçilik toparlary döredildi. Maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän okuw çäreleri örän netijeli geçip, onda gümrük işgärleri konteýnerlerde ýaşyryn geçirmäge synanyşylýan gadagan harytlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça gazanylan öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşýarlar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň halkara ykrary

Maýa goýum — boýagyň guramagyna ýa-da otlaryň ösmegine syn etmek ýaly bolmaly. Eger tolgunmak isleseňiz, jübüňize 800 amerikan dollaryny salyň we Las-Wegasa gidiň. Bu diňe bir ykdysady ylymlar boýunça Nobel baýragynyň eýesi, amerikaly ykdysatçy Paul Entoni Samuelsonyň pikiri. Soňky ýyllarda diňe bir şahsyýet däl, eýsem, iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dünýäniň iň tejribeli ykdysatçylary maýa goýujylary Türkmenistana gönükdirýär. Eýse näme! Geografik ýerleşişi bilen diýjekmi, çogup duran tebigy baýlyklary bilen diýjekmi, garaz, Türkmenistan dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Ine, şu mümkinçilikler Türkmenistany daşary ýurtly maýadarlaryň arzuwlaýan mekanyna öwürdi-oturyberdi. Indi maýa goýmak üçin dünýäniň o ujuna gitmek gerek däl, dünýäniň merkezine — Türkmenistana geläýmeli. Elbetde, bu sözleri dünýä ykdysatçylary aýdýar. Biz muňa 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna hem-de ugurdaş sergä, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergä şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň möçberli forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitga

Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

13-nji sentýabrda TDIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. UNODC-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň tapgyrlarynyň çäklerinde bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň we Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen mukaddes ojaklaryň eýesi bolan mähriban enelerimiziň mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi, şeýle-de olaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda maksat-namalaýyn işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Rus-ermeni söwda dolanyşygy 2 esse ýokarlanar

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasy bilen Ermenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň 14 — 16 milliard amerikan dollary aralygynda bolmagyna garaşylýar. Munuň özi 2020-nji ýyldakydan 6, geçen ýyldakydan bolsa 2 esse töweregi köpdür. 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyň möçberi 55,8 göterim artyp, 7,4 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa bu görkeziji eýýäm 8,4 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şonuň üçin hem, bilermenler ýylyň jemi boýunça rus-ermeni söwda dolanyşygynyň 14 milliard amerikan dollaryndan az bolmajakdygyny çaklaýarlar.

«Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy

Hytaýyň Nankin şäherinde «Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy. Bu söwda merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalary üçin köp ugurly platforma bolup hyzmat eder. Merkeziň açylyş dabarasyna gelen myhmanlar Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport önümlerini özünde jemleýän sergi pawilýony bilen tanyşdyryldy.

4,5 göterim ýokarlandy

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkiýäniň eksport eden oba hojalyk önümleriniň umumy bahasy 23 milliard 176 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,5 göterim ýokarydyr. «EastFruit» portalynyň habar bermegine görä, geçen aýda Türkiýe umumy bahasy 2 milliard 863 million amerikan dollaryna barabar oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara iberipdir. Bu bolsa geçen ýylyň awgust aýyndaky görkezijiden 2,2 göterim köpdür. Ýeri gelen bellesek, soňky 12 aýyň dowamynda Türkiýäniň oba hojalyk eksportynyň umumy bahasy 36 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«PepsiCo» Gazagystanda zawod gurmak üçin 160 million amerikan dollar maýa goýar

«PepsiCo» kompaniýasy Gazagystanda ýeralmadan çipsi öndürýän täze zawod gurmak üçin, 160 million amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazakh Invest» habar berýär. Täze zawod ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Onuň birinji tapgyryny 2026-njy ýylda ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty birinji tapgyrda 14 — 16 müň tonna çipsi öndürmäge ukyply bolar. Soňra bu görkeziji 21 müň tonna çenli artdyrylar.

«Amazon» Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 8 milliard funt sterling maýa goýar

Bu uly mukdardaky maýa goýum «Amazon Web Services» (AWS) serişdeleriniň bulut infrastrukturasyna we emeli aň pudagyna gönükdiriler. Beýik Britaniýanyň maliýe ministri Reýçel Riwziň aýtmagyna görä, agzalan mukdardaky maýa goýumyň özleşdirilmegi netijesinde ýurtda 14 müň sany täze iş orny dörär.

«General Mills» ýogurt önümçiligini satdy

«General Mills» ABŞ-daky we Kanadadaky ýogurt önümçiligini Fransiýanyň «Lactalis» we «Sodiaal» kompaniýalaryna satdy. Söwdanyň jemi bahasy 2,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. «General Mills» kompaniýasynyň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, onuň ABŞ-daky ýogurt önümçiligi «Lactalise», Kanadadaky ýogurt önümçiligi bolsa «Sodiaala» satyldy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada «Trend» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-rus söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Has takygy, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky özara söwda 700 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda TDIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň, YHG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklara we syýasy-diplomatik ugur boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga hem garaldy.

Ýakyn goňşy bilen uzak geljege

aýgytly gadamlar, döwletli tutumlar Gijaralar Mary şäheriniň demir ýol menzilinden ugraýşyna, bütin gijäni öňüne salyp ýol külterlän otly daň saz berende, ýurduň iň günorta künjegine — Serhetabada baryp ýetdi. Güýz säheri, hoştap howa göwnüňi göterýär. Dogup gelýän Günüň tylla çyrazlary bolsa bu senäni taryha sap altyndan ýazmaga howlugýan ýalydy göýä. Ýörite niýetlenen ulaglara münüp, belentli-pesli baýyrlaryň arasy bilen ýüzümizi günorta-gündogara tutup barşymyza, bir sagat çemesi wagt geçiberensoň, «Islim-Çeşme» serhet nokadynda ýörite gurnalan dabara merkezi göze ildi. Hatar-hatar ak öýler, bedew ata atlanyp, ellerinde ýaşyl tugumyzy pasyrdadyp barýan ýigitler, gyzan Gündogar bazary, ellerine «Ýaşasyn türkmen-owgan dostlugy!», «Arkadagyň ak ýoly — röwşen geljegiň ýoly», «Hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk» ýaly şygarlaryň haşamly ýazgylaryny göterip, myhmanlary mübärekleýän ýaşlar giň sährany toýa besläpdir...

Şota Rustaweliniň watanynda dana Pyraga sarpa

Her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň beýik ogullarynyň biri Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hem bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen, bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Çünki dana Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen halklary agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr. Şu ýyl bolsa söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip, ýakyn-u-alys ýurtlarda dürli mazmunly çäreler geçirilýär, şahyryň şygyrlary onlarça dile terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Öňňin Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmak maksady bilen guralan dabara-da munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Tanyşdyrylyş dabarasyna Gruziýanyň Parlamentiniň, Daşary işler, Medeniýet we sport, Bilim, ylym we ýaşlar, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, dostlukly ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, Milli ylymlar akademiýasynyň, Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylar döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, žurnalistler gatnaşdylar. Şunda oňa gatnaşmak üçin ylmy jemgyýetçiligiň wekillerinden, m

Koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Düýn paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan koreý dilini öwrenýän okuwçylara okuw gollanmalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugur boýunça has-da pugtalandyrylýandygynyň hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Aşgabatdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdep bolsa ýurdumyz boýunça okuwçylara koreý dilini öwredýän ýeke-täk döwlet bilim ojagydyr.

Dostluk. Deňhukuklylyk. Ynanyşmak

Türkmenistan bilen Malaýziýany deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Nebitgaz pudagy Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy bellenildi. Kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň taslamalaryna gatnaşýar. Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýar.

Ynsanperwerlik kömegi iberildi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Okgunly ösüşlere itergi

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek we maýa goýumlary çekmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hem-de ugurdaş sergide, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergide hem bu hakykat öz beýanyny tapdy. Giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Halkara forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Maslahata ýurdumyzdan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary çagyryldy. Maýa goýum forumynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.