"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň edebi dünýäsi

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we ede­bi­ýa­ty düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly öw­re­niş yl­myn­da söz us­sa­dynyň dö­re­di­ji­li­gi äh­li ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­mekde uly iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sil­le­riň şöh­rat­ly ede­bi çeş­me­le­ri­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dy­ryp öw­ren­me­gi üçin giň ýol açyp ber­ýär. XVIII asy­ryň meş­hur akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy şam­çy­ra­gy hök­mün­de çäk­siz hor­ma­ta eýe­dir. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­de we onuň çä­gin­den da­şyn­da Mag­tym­gu­ly ha­ky­ky halk şa­hy­ry, mö­hüm dur­muş gym­mat­lyk­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan öň­den gö­rü­ji akyl­dar, go­ja ze­mi­niň, hal­kyň hup­bat­la­ryn­dan ha­bar­dar us­sat pel­se­pe­çi, aý­ra­tyn-da, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň we türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy hök­mün­de ta­nal­ýar. Be­ýik şa­hy­ryň şyg­ry­ýet äle­mi türk­men ede­bi­ýa­tyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny açyp, ada­lat­ly­lyk, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik dü­şün­je­le­ri­niň şöh­le­len­me­si bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, ol öz döw­rü­niň çe­per­çi­lik, yl­my, jem­gy­ýet­çi­lik dü­şün­je­le­ri­niň ösü­şin­de iň ýo­kar­ky de­re­je­le­ri şöh­le­len­dir­ýär.

Magtymgulynyň goşgulary polýak dilinde

Nikolaý WASKIW, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory. 2024-nji ýylda türkmen halky we dünýä jemgyýetçiligi görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýär. Oňa taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary, žurnalistleri nusgawy şahyryň eserleriniň dünýä dillerine edilen terjimelerine, Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de beýleki sebitleriň dürli ýurtlarynda şahyryň döredijiliginiň wagyz edilişine degişli maglumatlary toplaýarlar. Bu işe özümiň hem dahylly bolandygyma buýsanýaryn.

Duýguly dünýä

BIR TÜŇÇE ÇAÝ... Orun berdi pelek hütdük tünekden,Undulan künjekden, çölüň üstünden.Çökmedim, suw çekdim, köp-köp gül ekdim,Bag döretdim, çekdim köpüň ünsün men.Gonak boldy öten-geçen teşneler,Hydyr, meger, düşledi bir goja-da.(Süňksüz barmak, ýaşyl dony keşdeli)Suw sorady, tüňçäm goýup ojara,Ýagny gor-közüne gara sazagyň,Çaý gaýnadyp, öňne goýdum ýaşulyň. Ol gök çaýdan gandy, garaz, mazaly,Uzyn bolmagyny diläp ýaşymyň,Alkyş baryn aýdyp, golumy gysdy,Duýuldy gojanyň bolany monça. Hut atlaryn sorap ogul-gyzymyň, Döwlet dileg etdi hol daga o:nça.Ýagny on esse köp Köpetdagdanam.Diňe çöl däl, gözlem nemlenip gitdi.Şunça genç eçilip, kömek dandaman,Ýene bir tüňçe çaý demlenip gitdi...

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. «PATYŞAHY-ÄLEM»

Şygryýet bossany

SÜÝTDEŞ DOGANYŇ Özgeler ynjytsa, aryň düýrüger,Diliňden zäher dek syçrar dogumyň.Gözýaşyň ýaňak däl, kalba syrygar,Eger ynjydaýsa süýtdeş doganyň.

Şygryýet çemeni

ÖÇÜP OTYRYN «Gürleşeli» diýme, duýgulam dymma,Geplemek islämok hiç zat hakynda.Arzuwlarym — tussag, gursagym — zyndan,Men birwagt düşdüm yşkyň atyndan.

Ylham joşguny

PYRAGY Pähimiň-paýhasyň ummany bolup,Äleme ýaň saldy ýylyň, Pyragy!Hak sözlediň Hakyň ýoluny bilip,Il buýsanjy boldy diliň, Pyragy!

«Kutadgu bilik» (Bagt getiriji bilim)

Ýusup BALASAGUNLY Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişine nazar aýlap, taryhymyzda ylma-bilime sarpa goýan ylymdar hem dana aslymyzyň bolandygyna göz ýetirýärsiň, eždatlarymyzyň ýeten beýik derejelerine buýsanýarsyň. Diňe öz döwründe däl, şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän beýik namalaryň, şahyrana eserleriň döredilmegi, her biriniň aýratynlykda gymmatynyň bilinmegi bilimli bolmagy baş maksat edinýän nesiller tarapyndan tapylgysyz ruhy baýlyk hökmünde ykrar edilýär. Şeýle eserleriň biri hem XI asyr türkmen edebiýatyna we diline degişli «Kutadgu bilik» (Bagt getiriji bilim) eseridir. Bu eser Garahanlylar türkmen döwletiniň hany Bugra hanyň tabşyrygy boýunça Ýusup Balasagunly tarapyndan ýazylýar. Eserde adyndan hem mälim bolşy ýaly, bilimiň, ylmyň gadyr-gymmaty, ähmiýeti dogrusynda danadan-dana söhbet edilýär.

Bäşlikçiler

Kaýum TAŇRYGULYÝEW Maýsa tagtanyň üstünde hamyry kagyz ýaly ýukajyk ýaýsa-da, onuň hiç ýeri deşilmeýärdi. Şeýdip, ullakan tegelek ýasap, ýüzüne ýag çaldy. Soňra ony ejesiniň nan taýýarlaýşy ýaly epleşdirip, eliniň aýasy bilen basyşdyryp ýasylady. Soňra ýene oklaw bilen ýaýdy-da, tegelek nana meňzetdi. Ejesem gapdalynda oturyp, gyzyna gatlakly nan taýýarlamagy öwredýärdi. Ýöne ejesi nany Maýsadan çalt taýýarlaýardy.

Goşgular çemeni

Agageldi ALLANAZAROW «A» ýazýan

Pyşdyl, keýik we garga üçüsiniň dostlugy

(Türkmen halk ertekisi) Gadym zamanda bir pyşdyl, keýik we garga ýaran bolupdyrlar. Bular näme iş etselerem, maslahatly edermişler. Günleriň birinde keýik janawar duzaga düşenmiş. Garga-da ýanynda eken. Ol baryp çüňki bilen duzagy aýryp bilmändir. Garga pyşdylyň ýanyna gelip:

ARKADAGYŇ ÝÜREGI DEÝ, DOST-DOGANA BARÝAN ÝOLLAR

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzap, gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Giň jahanyň ähli halklary, ýakyn-u-alys ýurtlary bilen baryş-geliş edilýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, halyndan habar almak, dostluk goluny uzatmak — paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary-da Beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir eýsem?!

Kiçelen köýnek däl...

(Hekaýa) Didar maşgalanyň uly perzendi, özi-de bäş ýaşynyň içinde. Ondan aşakda 2 ýaşyny ýaňy dolduranja jigisi — Kakajan bar. Ol entek kiçijekdigi üçin ejesiniň geýdirýän egin-eşiklerine, aýakgaplaryna «at dakmagy» bilenok. Didar welin, özdiýenli oglanjyk. Her gün ir bilen çagalar bagyna gitmekçi bolanynda öz egin-eşiklerine baha bermegi çykardy. Ejesi göm-gökje, ýüzünde welosiped sürüp barýan oglanjygyň suraty ýerleşdirilenje köýnegi geýdirmek islese, «Ýok, eje, men bu köýnegimi halamok, maňa ýüzi futbol pökgüli ak reňkli köýnegimi geýdiräýsene» diýip, aglamjyramaga durdy. Ejesiniň bu köýnegi geýdirmek üçin ýagdyran öwgi sözlerini gulagynyň ýele ýanyndan geçiren oglanjyk öz pikirinde örän çynlakaýdy. Gültäç gelneje oglunyň haýsy eşigi barada aýdýanyny bilse-de, başga bir köýnegi geýdirmäge çalyşdy. Emma aýak diräp duran Didarjyga sözüni düşündirip bilmejegini aňyp:

Oguz nesliniň bitewülik ýörelgesi

Türkmen halkynyň gadymy beýik ýoly bar. Ol asyrlarboýy ata-baba däplerini, wesýetlerini dowam etdirip gelýän ata we ogul mekdebiniň ýoludyr. Bu ýoluň hümmeti «Gorkut ata» şadessanyndaky: ...Ogul atadan görmeýinçe, supra çekmez,Ogul atanyň ýeteridir, iki gözüniň biridir,Döwletli ogul gopsa, ojagynyň közüdir —

Joşgunly gelen günleriň şatlygy, bagty başgaça, Göwünler heýjan içinde, saýrakdyr şat dillerimiz!

Joşgunly gelen günleriň şatlygy, bagty başgaça,Göwünler heýjan içinde, saýrakdyr şat dillerimiz!Gelýär bu gün ylym-bilim geljegimize nurun saça,Bilimli ýaş nesillere guwanýandyr illerimiz. Mekdebiň täze binasyn açyp berdi toý gününde,Sowgatdyr harby mekdebiň okuwçylaryna — bize. Ajaýyp peşgeşiň üçin alkyş bardyr her göwünde,Sagbol aýdýas Arkadagly Gahryman Serdarymyza!

Çaga kalbynyň owazy

Garaşsyzlyk Döwürlere şan getiren,Kalbyň nury — Garaşsyzlyk!Türkmeni bagta ýetiren,Ýürek joşy — Garaşsyzlyk!

Gymmatly sowgat

(Hekaýa) Enemiň mydama gulply duran ýaşyl sandygyna gözüm gidýärdi. Enemiň öz aýdyşy ýaly, onda atamdan galan kitaplar bardy. Segseniň onuna giren enemiň hiç haçan kitap okanyny görmesem-de, atamdan galan kitaplary welin, aýap saklap, ýygnap goýupdyr. Biz enemiň ýaşyl sandygynda saklaýan şol kitaplaryny birnäçe gezek sorap gördük, ýöne her gezegem: «Entek ulalyň, onsoň bererin» diýýärdi.

Gabak

Gabak — türkmen we gazak dillerinden beýleki aglaba türki dillerde «kädi» manysynda ulanylyp, çekimlileri gysga aýdylýan gabak, aslynda, içi boş (suw, süýt, ýag salynýan) kädiniň adydyr. Ol «gow» sözünden we –ak goşulmasyndan durýar. Onuň manysy — «içi boş», «gowak» diýmekdir. Bu söz soňra gabak görnüşine geçip, türkmen dilinde-de ulanylypdyr. Muny geçmişde toýlarda çapyp barýan atyň üstünden ok-ýaý bilen ýokardan asylan içi boş gabagy nyşana urmak boýunça geçirilýän «altyngabak» diýen ýaryşyň ady tassyklaýar. Wagtyň geçmegi we manysynyň giňelmegi bilen suwkädiniň gabak diýilýän ady iýilýän kädilere-de geçýär. «Göz gabagy» manysyndaky ga:bak sözüniň täsiri netijesinde onuň birinji «a» sesi hem uzynlyk alýar (ga:bak). Ramstedt «gabak» sözüni başgaçarak düşündirýär. Onuň pikiriçe, «gabak» sözüniň, aslynda, «hobak» bolup, onuň «ho» (hu) bölegi «hytaý», «pak» bölegi hem «içi boş», «pak» manysyndadyr: «hytaý gabagy» (kädiniň koreýçe ady hopakdyr). «Gabak» diýen türki söz «gabak», «kobaçki» görnüşinde rus diline-de geçipdir. Rus dilinde ol iýilýän kädiniň ýasydan tegelek we ownugrak görnüşini aňladýar.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Guseýin Muhtarow. «Akbilek». Bildiňiz. Akbilek — güjüjegiň ady. Ol Bäşim atly oglanjygyňky. Bir gün Akbilek ýitýär. Bäşim ony daş-töwerekden gözleýär, ol bolsa bireýýäm tokaýa siňip gidýär. Ol ýerde-de tokaýyň şasy ýolbarsa gabat gelýär. Mundan soň näme bolýandygyny okap görüň. Juda gyzykly erteki-poema size güýzüň ilkinji aýynda ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlar.

Arkadagyň ýüregi deý dost-dogana barýan ýollar

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzaýar, jahanyň ähli halklary, ýakynu-alys ýurtlary bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, kyn gününde dostluk goluny uzatmak paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary bu gün beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir, eýsem?! Bular hakda söz açanyňda, ýakynda bolup geçen taryhy wakalary, dabaraly açylyşlary ýatlamak ýeterlik. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen «Serhetabat — Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganyst