Kiçelen köýnek däl...

13 Sentýabr 2024
58

(Hekaýa)

Didar maşgalanyň uly perzendi, özi-de bäş ýaşynyň içinde. Ondan aşakda 2 ýaşyny ýaňy dolduranja jigisi — Kakajan bar. Ol entek kiçijekdigi üçin ejesiniň geýdirýän egin-eşiklerine, aýakgaplaryna «at dakmagy» bilenok. Didar welin, özdiýenli oglanjyk. Her gün ir bilen çagalar bagyna gitmekçi bolanynda öz egin-eşiklerine baha bermegi çykardy. Ejesi göm-gökje, ýüzünde welosiped sürüp barýan oglanjygyň suraty ýerleşdirilenje köýnegi geýdirmek islese, «Ýok, eje, men bu köýnegimi halamok, maňa ýüzi futbol pökgüli ak reňkli köýnegimi geýdiräýsene» diýip, aglamjyramaga durdy. Ejesiniň bu köýnegi geýdirmek üçin ýagdyran öwgi sözlerini gulagynyň ýele ýanyndan geçiren oglanjyk öz pikirinde örän çynlakaýdy. Gültäç gelneje oglunyň haýsy eşigi barada aýdýanyny bilse-de, başga bir köýnegi geýdirmäge çalyşdy. Emma aýak diräp duran Didarjyga sözüni düşündirip bilmejegini aňyp:

Güljahan MYRADOWA,
«Güneş».
Beýleki habarlar