Pyragynyň edebi dünýäsi

15 Sentýabr 2024
41

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we ede­bi­ýa­ty düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly öw­re­niş yl­myn­da söz us­sa­dynyň dö­re­di­ji­li­gi äh­li ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­mekde uly iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sil­le­riň şöh­rat­ly ede­bi çeş­me­le­ri­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dy­ryp öw­ren­me­gi üçin giň ýol açyp ber­ýär.

XVIII asy­ryň meş­hur akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy şam­çy­ra­gy hök­mün­de çäk­siz hor­ma­ta eýe­dir. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­de we onuň çä­gin­den da­şyn­da Mag­tym­gu­ly ha­ky­ky halk şa­hy­ry, mö­hüm dur­muş gym­mat­lyk­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan öň­den gö­rü­ji akyl­dar, go­ja ze­mi­niň, hal­kyň hup­bat­la­ryn­dan ha­bar­dar us­sat pel­se­pe­çi, aý­ra­tyn-da, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň we türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy hök­mün­de ta­nal­ýar. Be­ýik şa­hy­ryň şyg­ry­ýet äle­mi türk­men ede­bi­ýa­tyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny açyp, ada­lat­ly­lyk, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik dü­şün­je­le­ri­niň şöh­le­len­me­si bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, ol öz döw­rü­niň çe­per­çi­lik, yl­my, jem­gy­ýet­çi­lik dü­şün­je­le­ri­niň ösü­şin­de iň ýo­kar­ky de­re­je­le­ri şöh­le­len­dir­ýär.

Se­lim RA­SU­LOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­ly­by.
Beýleki habarlar