Tebigy gazdan alynýan önümler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap tehnologiýalaryň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň esasynda tebigy baýlyklarymyz netijeli peýdalanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has-da ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak babatda döredýän giň mümkinçiliklerinden ugur alnyp, gaz senagatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biri hem uglewodorod serişdeleriniň ýangyç görnüşinde eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň gaýtadan işlenilýän we ekologik taýdan arassa ahyrky önümleriniň öndürilýän möçberlerini ýokarlandyrmakdan we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr.