"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Iň uly teleskop

Hytaý Halk Respublikasynda dünýäniň iň uly teleskopy ýerleşýär. Güni öwrenmek maksady bilen Tibet daglygynda gurlan «Daoçen Gün Radio» teleskopynyň gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlandy. Teleskop diametri 3 kilometr bolan çäkde halka şekilli ýerleşdirilen 300-den gowrak antennadan ybarat. Geljek birnäçe ýylyň dowamynda bu desga arkaly Günde bolup geçýän hereketler has ýakyndan öwreniler. Şeýle teleskoplar Günüň üstünde bolup geçýän partlamalary öwrenmek üçin örän amatly. Soňky ýyllarda şunuň ýaly teleskoplaryň artmagy astronomiýa bilen gyzyklanýan alymlar üçin uly mümkinçilik döredýär.

Jümle-jahan habarlary

Uçýan ulaglar synag edildi

Paýtagtlylaryň guwanjy

«Parahatçylygyň we ylalaşygyň piramidasy» diýlip atlandyrylýan köşk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde ýerleşýär. Dostlugyň, agzybirligiň we parahatçylygyň nyşanyny aňladýan bu döwrebap täsin bina Beýik Britaniýanyň meşhur binagäri Norman Fosteriň ýolbaşçylygynda gurulýar. Binanyň beýikligi 62 metre barabar bolup, tekiz ýerden 15 metr beýiklikde ýerleşýär. 2006-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ilkinji gezek halk köpçüligi üçin gapysyny giňden açan bina, takmynan, 28 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Bina häzirki zaman opera teatryny, 1500 tomaşaça niýetlenen konsert zalyny, sergi zallaryny, galereýa we metbugat merkezini öz içine alýar.

Jümle-jahan habarlary

Diňe wodorod ulanylar

«Turkish Airlines»: amatly syýahat üçin goşmaça hyzmatlary bronlaň

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy müşderilerine syýahatyň has amatly we şahsylaşdyrylan bolmagy üçin döredilen uçuşdan öňki we uçuşdan soňky hyzmatlaryň doly sanawy bilen tanyşmagy teklip edýär. Has anyk maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir. Teklip edilýän uçuşdan öňki hyzmatlaryň hatarynda uçaryň salonynda orun saýlamak, goşmaça goşlary tölemek mümkinçiligi, ýörite menýu sargyt etmek we hyzmat synpyny ýokarlandyrmak teklip edilýär. Bu hyzmatlaryň ählisi uçuşdan öň bronlamak üçin elýeterlidir.

Özbegistana 4,2 million daşary ýurtly jahankeşde syýahat etdi

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda daşary ýurtly syýahatçylaryň 4,2 milliondan gowragyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,3 göterim ýokarydyr. Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurda iň köp syýahatçy Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistandan (ikisinden hem 1,2 milliondan syýahatçy) gelipdir. Bu ugurda üçünji orny Gazagystan (845,3 müň) eýeleýär. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Russiýa Federasiýasynyň (442,1 müň) we Türkmenistanyň (83,7 müň) hem ady bar.

Syýahatçylyk hyzmaty

Geljek ýylda Abu Dabiniň Zaýed halkara howa menzilinde syýahatçylara uçuş mahalynda pasportlaryny görkezmek zerurlygy aradan aýrylar. 2025-nji ýyla çenli Abu Dabiniň howa menzilindäki ähli howpsuzlyk barlag nokatlaryna emeli aň arkaly biometrik tassyklaýjy «Akylly syýahat» taslamasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Taslama ýerli hökümetiň berýän maglumatlaryna görä, syýahatçylary awtomatik tanamak we uçuşlaryny tassyklamak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal edarasynyň maglumat bazalaryna esaslanar. Täze tehnologiýanyň esasynda ähli petek we syýahat resminamalaryny barlamak üçin adaty barlag nokatlarda, takmynan, ýedi sekunt gerek boljakdygy bellenilýär.

Jümle jahan habarlary

Çalt zarýad berýän beket

Jümle-jahan habarlary

Marsda köp mukdarda suw bar

Dünýä meşhur myhmanhana

Häzirki wagtda daşky gurşawa aladanyň artýan döwründe ekologiýa taýdan arassa, tebigata zyýansyz desgalary gurmak bilen bir hatarda, öňki ulanyşdan galan ýerleri abadanlaşdyrmak, adam saglygy üçin peýdaly zolaklary döretmek hem esasy meseleleriň biri bolup durýar. Hytaýyň «Inter Continental Shangai Wonderland» myhmanhanasy munuň aýdyň mysalydyr. Bu myhmanhana taşlanan senagat zolagynda guruldy. Gurluşygy üçin 10 ýyldan köpräk wagt gerek bolan bina 2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda açylýar. Adaty bolmadyk geografik ýerleşişi boýunça bu myhmanhanany gurmak üçin köp kynçylyklara döz gelnipdir. Binagärleriň pikirine görä, bu desga tebigy hadysalara garşy güýçli durup biler. Şanhaýyň dünýä meşhur myhmanhanasy häzirki wagtda deňiz derejesinden 87 metr aşakda ýerleşýändigi sebäpli dünýädäki iň pesde ýerleşen myhmanhana hasaplanýar. Myhmanhanada ýeriň üstünde bary-ýogy 2 gat bar, galan 16 gat bolsa ýeriň astyndadyr, şeýle-de suwuň aşagynda hem 2 gat ýerleşýär. 336 otagly desgada adamlar gaýalara, şaglawuklara syýahat etmek üçin hem ajaýyp mümkinçilikden peýdalanýarlar. Binanyň içki we daşky dizaýn gurluşynda hytaý pelsepesinden ugur alnypdyr. Gurluş aýratynlygy bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän myhmanhana gelýän myhmanlaryň sany ýylsaýyn artýar.

“Belawia” Russiýadan Türkmenistana we yzyna üstaşyr gatnawlarynyň birnäçesiniň bahalaryny arzanlatdy

26-njy oktýabra çenli aşakdaky ugurlar boýunça ýörite promotarif hereket edýär: Moskwa-Minks-Türkmenbaşy we Moskwa-Minks-Türkmenbaşy-Minsk-Moskwa, Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Sankt-Peterburg. Bu barada awia geçirijiniň habarlar gullugyna salgylanyp, Belta habar berýär. Türkmenistanyň raýatlaryna üstaşyr belarus wizasy zerur däl. Eger-de üstaşyr gatnaw bir gije-gündize ýetmese, ýolagçy howa menziliniň çäginden çykman, öňki gatnawyndan galan biletiň münüş talonyny görkezip biler. “Iň amatly çykalga – öňünden ähli ugurlar boýunça registrasiýa geçip, eliňe iki sany münüş talonyny almak” – diýip, “Belawiada” bellediler.

Giň gujagy em-melhemli Awaza

Ýylyň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyşlar gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň raýatlarydyr daşary ýurt myhmanlary bu möwsümi şatlyk-şowhun bilen geçirmek üçin Hazar deňziniň düri-merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýärler. Olar deňze suwa düşmek, ekologiýa taýdan arassa kenarda gezelenç edip, hoştap howadan dem almak, attraksionlarda suw oýunlary bilen meşgullanmak arkaly wagtlaryny hoş geçirýärler. Gojaman Hazaryň kenarýaka giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda gämilerde, gaýyklarda, katamaranlarda gezelenç etmegiň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Bu behişdi mekanlarda dynç almak bilen adamlar saglyk ýagdaýyny berkidýärler. Deňiz suwunyň saglyga peýdasy barada lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ykrar eden maglumatlaryny sanamak bilen soňuna çykmak mümkin däl. Şeýle hem bolsa, olaryň käbiri barada durup geçeliň. Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenarynyň howasyndaky we suwundaky mineral maddalar bejerijilik häsiýete eýe bolup, bu ýerleriň hoştapdan aram howasy, endamyňa hoş ýakýan güneşi, arassa çägeli kenary ynsan saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak üçin örän peýdalydyr. Deňiz suwunyň we kenar howasynyň bejerijilik häsiýetleri adamlara köp ýyllardan bäri mälimdir. Şeýle bolansoň, suw boýunda dynç almagyň, kenarda ýöremegiň, sport bilen meşgullanmagyň, şeýle hem suwa düşmegiň saglyk üçin deňsiz-taýsyz bejergidigini hemmämiz bilýäris. Emma «d

Türkiýede halkara howa menzili açyldy

Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär. Howa menziliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýe Respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly täze howa menzili Türkiýäniň sebit we dünýä üçin howa derwezesi bolar. Bu howa menzili Çukurowa sebitinde söwda, syýahatçylyk we oba hojalygy önümçiliginiň ösmegine goşant goşar we takmynan 3 müň adamy iş orny bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýylyň iň gowy binasy

2024-nji ýyl boýunça «Ýylyň iň gowy binasy» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri Germaniýanyň Reutlingen amaly ylymlar uniwersitetiniň täze «Texoversum» binasydyr. Bu bina 2023-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Umumy tutýan meýdany 4110 inedördül metre barabar bolan binada, esasan, aýna ulanypdyrlar. Desganyň her bir gözeneginiň ini, takmynan, 4 metre we beýikligi 1,5 metre barabar bolan 3 görnüşli üçburç panellerden düzülendir. Talyplara döwrebap bilim berýän bu uniwersitetde global meseleler, moda we dizaýn, şeýle-de sanly ulgama degişli hünärler öwredilýär.

Jümle-jahan habarlary

Sürüjisiz «akylly» ýük otlusy

Köňül telwas eýlär Awaza sary

Tomsuň jöwzaly günlerinde Awaza baradaky pikirlere berleniňi duýman galýarsyň. Hazaryň türkmen kenaryna sary telwas urýan heýjanly kalbyňda «Haçan gitmeli? Nämede gitmeli?» diýen ýaly sowallar ikiýana «at salýar». Bu jenneti mekana ilkinji gezek çärýek asyr mundan owal barypdym. «Zenan kalby» žurnalynda işe başlap, Türkmenbaşy şäherine ilkinji döredijilik saparymda bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, deňiz kenaryndaky täze gurluşyklar barada ýazan reportažymda şeýle belläpdirin: «Jana şypaly bu kenara ýene-de gelip görmek, öňki tozap ýatan meýdanlarda gurulýan kaşaň binalaryň açylyşyna şaýat bolmak arzuwy kalbymyzda gözel duýgulary döredýär. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan bu ýerler ajap görnüşe girip, syýahatçylygyň göwher gaşyna öwrüler. Mähriban Arkadagymyzyň rehnet nazaryndan, jöwher paýhasyndan döreýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkymyza soňsuz eşretleri bagyş eder». Bu şeýle-de boldy. Türkmenbaşy şäherine indiki döredijilik saparymda meni eýýäm Hazar deňziniň türkmen kenarynda seteran gurlan döwrebap binalar toplumy, şaraňlap duran ak ýollar, bagy-bossanly, gül-gülälekli meýdanlar garşy aldy. Emeli derýanyň suwy lummurdap akyp, onuň kenaryndaky dynç alyş nokatlarynda, kafedir restoranlarda, garbanyşhanalarda ildeşlerimiz wagtlaryny hoş geçirýärdiler. Ol ýerdäki dynç alyş merkezli akwaparkyň, deňiz çüwdürimler toplumynyň, medeni-dynç alyş seýilgäh

Awaza — dostluk mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary netijesinde gojaman Hazaryň türkmen kenary gysga taryhy döwrüň içinde düýpgöter özgerdi. Bu gözel künjekde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilip, onuň durmuş düzüminiň yzygiderli ösdürilmegi, ösen halkara ölçeglerine kybap gelýän dynç alyş-şypahana ulgamynyň giňeldilmegi bilen deňiz kenary jenneti mekana öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berlen desgalaryň sany bu gün juda kän. Olaryň arasynda kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we kottejler toplumlarynyň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriň we şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki düzümleýin desgalaryň bolmagy ýokary derejede dynç almaga, saglygy berkitmäge ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Dostluk kenaryndaky dynç alyş

ýakymly ýatlamalary peşgeş berdi 1 — 10-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy esasynda «Awaza — dostluk mekany» ady bilen medeni-köpçülik we sport çäreleri geçirildi. Şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolup, Awazada dynç almaga ýollanma alan russiýaly mekdep okuwçylary, haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna lukmançylyk bejergilerini alan, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar olara işjeň gatnaşyp, tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şowhuna beslediler. «Daýanç» sagaldyş merkezinde 10 günüň dowamynda dynç alan çagalar dürli sport, zehin bäsleşiklerine gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge, birek-birek bilen dostlaşmaga mümkinçilik aldylar. Mekdep okuwçylarydyr olaryň mugallymlary Hazaryň ajaýyp kenarynda wagtyny ruhubelentlikde geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler.

Bagtyýar Çagalygyň mekanynda

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri berkarar Watanymyzyň bagtly çagalygyň mekanydygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen çuň mazmunly sözleriniň ýene bir ýola dabaralanmasyna öwrüldi. Bu medeni-köpçülik we sport çärelerine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna hem gatnaşmak miýesser etdi. Olara olimpiadada gazanan üstünlikleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, russiýaly zehinli mekdep okuwçylary haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar bilen b

Dostluk kenarynda

ruhubelent dynç alyş dowam edýär 1 — 10-njy awgust aralygynda gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky ajaýyp dynç alyş zolagynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan Russiýa Federasiýasynyň zehinli ýaş matematikleriniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen bejergi alan çagalaryň hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň dynç alşy şatlyk-şowhunda dowam edýär. Olar deňziň arassa howaly kenarynda dürli sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar, dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi çagalaryň täze okuw ýylyny uly ruhubelentlik we täze güýç bilen garşylamagyna hem şert döredýär.