Türkiýede halkara howa menzili açyldy

16 Awgust 2024
158

Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.

Howa menziliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýe Respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly täze howa menzili Türkiýäniň sebit we dünýä üçin howa derwezesi bolar. Bu howa menzili Çukurowa sebitinde söwda, syýahatçylyk we oba hojalygy önümçiliginiň ösmegine goşant goşar we takmynan 3 müň adamy iş orny bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar