Bagtyýar Çagalygyň mekanynda

13 Awgust 2024
202

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri berkarar Watanymyzyň bagtly çagalygyň mekanydygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen çuň mazmunly sözleriniň ýene bir ýola dabaralanmasyna öwrüldi.

Bu medeni-köpçülik we sport çärelerine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna hem gatnaşmak miýesser etdi. Olara olimpiadada gazanan üstünlikleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, russiýaly zehinli mekdep okuwçylary haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar bilen bilelikde, Awazanyň kenarynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen medeni-köpçülik we sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşdylar.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.
Beýleki habarlar