Giň gujagy em-melhemli Awaza

20 Awgust 2024
144

Ýylyň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyşlar gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň raýatlarydyr daşary ýurt myhmanlary bu möwsümi şatlyk-şowhun bilen geçirmek üçin Hazar deňziniň düri-merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýärler. Olar deňze suwa düşmek, ekologiýa taýdan arassa kenarda gezelenç edip, hoştap howadan dem almak, attraksionlarda suw oýunlary bilen meşgullanmak arkaly wagtlaryny hoş geçirýärler. Gojaman Hazaryň kenarýaka giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda gämilerde, gaýyklarda, katamaranlarda gezelenç etmegiň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Bu behişdi mekanlarda dynç almak bilen adamlar saglyk ýagdaýyny berkidýärler. Deňiz suwunyň saglyga peýdasy barada lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ykrar eden maglumatlaryny sanamak bilen soňuna çykmak mümkin däl. Şeýle hem bolsa, olaryň käbiri barada durup geçeliň.

Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenarynyň howasyndaky we suwundaky mineral maddalar bejerijilik häsiýete eýe bolup, bu ýerleriň hoştapdan aram howasy, endamyňa hoş ýakýan güneşi, arassa çägeli kenary ynsan saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak üçin örän peýdalydyr. Deňiz suwunyň we kenar howasynyň bejerijilik häsiýetleri adamlara köp ýyllardan bäri mälimdir. Şeýle bolansoň, suw boýunda dynç almagyň, kenarda ýöremegiň, sport bilen meşgullanmagyň, şeýle hem suwa düşmegiň saglyk üçin deňsiz-taýsyz bejergidigini hemmämiz bilýäris. Emma «deňiz emleri» barada halk köpçüliginiň bilmeýän melhemlik ýagdaýlary hem bar. Mysal üçin, deri kesellerinde, käbir ýaralary guratmakda deňiz suwunyň peýdasy has uludyr. Bu suwuň düzümindäki magniý, brom we litiý maddalary nerw bozulmalaryny bejermäge ýardam edýär. Bu maddalar beýnidäki melatoniniň we serotoniniň derejesini deňleşdirýär. Kenarda aýakýalaňaç gezmek bolsa, nerw damarlaryny köşeşdirip, guragyry alamatlaryny aýyrýar. Deňziň melhem ýaly şor suwunda goňaklamanyň öňüni alyp, saçyň ýalpyldawuk görünmegini üpjün edýän, suwda saklanýan ýoduň täsiri netijesinde bedeniň immunitetini güýçlendirýän häsiýetler bar. Şeýle hem şor suw deri öýjüklerini arassalap, allergiki keselleri bejermäge ýardam edýär. Onuň antiseptik häsiýeti bolsa, ýokançlyklara garşy göreşip, bedeniň mikroblara, bakteriýalara we kömelejiklere garşy durujylygyny ýokarlandyrýar.

Ikrambeg HAÝTBAÝEW,
Ahal welaýatynyň Ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar