Dostluk kenarynda

9 Awgust 2024
234

ruhubelent dynç alyş dowam edýär

1 — 10-njy awgust aralygynda gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky ajaýyp dynç alyş zolagynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan Russiýa Federasiýasynyň zehinli ýaş matematikleriniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen bejergi alan çagalaryň hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň dynç alşy şatlyk-şowhunda dowam edýär. Olar deňziň arassa howaly kenarynda dürli sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar, dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi çagalaryň täze okuw ýylyny uly ruhubelentlik we täze güýç bilen garşylamagyna hem şert döredýär.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.
Beýleki habarlar