Özbegistana 4,2 million daşary ýurtly jahankeşde syýahat etdi

1 Sentýabr 2024
48

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda daşary ýurtly syýahatçylaryň 4,2 milliondan gowragyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,3 göterim ýokarydyr.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurda iň köp syýahatçy Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistandan (ikisinden hem 1,2 milliondan syýahatçy) gelipdir. Bu ugurda üçünji orny Gazagystan (845,3 müň) eýeleýär. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Russiýa Federasiýasynyň (442,1 müň) we Türkmenistanyň (83,7 müň) hem ady bar.

Beýleki habarlar