Iň uly teleskop

11 Sentýabr 2024
26

Hytaý Halk Respublikasynda dünýäniň iň uly teleskopy ýerleşýär. Güni öwrenmek maksady bilen Tibet daglygynda gurlan «Daoçen Gün Radio» teleskopynyň gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlandy.

Teleskop diametri 3 kilometr bolan çäkde halka şekilli ýerleşdirilen 300-den gowrak antennadan ybarat. Geljek birnäçe ýylyň dowamynda bu desga arkaly Günde bolup geçýän hereketler has ýakyndan öwreniler. Şeýle teleskoplar Günüň üstünde bolup geçýän partlamalary öwrenmek üçin örän amatly. Soňky ýyllarda şunuň ýaly teleskoplaryň artmagy astronomiýa bilen gyzyklanýan alymlar üçin uly mümkinçilik döredýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar