Arkadagyň ýüregi deý dost-dogana barýan ýollar

12 Sentýabr 2024
50

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzaýar, jahanyň ähli halklary, ýakynu-alys ýurtlary bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, kyn gününde dostluk goluny uzatmak paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary bu gün beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir, eýsem?!

Bular hakda söz açanyňda, ýakynda bolup geçen taryhy wakalary, dabaraly açylyşlary ýatlamak ýeterlik. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen «Serhetabat — Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna barýan günlerimizde ýüreklerimize baky ýazyldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hut özleriniň gatnaşmaklary goňşa goýulýan sarpany, milli däpleriň dowamatlylygyny görkezdi. Bir günüň dowamynda bolan uly dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjiliginden, ynsanperwerliginden, sahawatyndan nyşandyr.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar