Gadamyň batly, ädimiň şowly bolsun!

5 Sentýabr 2024
79

Mekdep möwsüminiň başlanmagy bilen, alty ýaşyny dolduran körpejeler çagalar baglary bilen hoşlaşyp, ak mekdeplere gadam basdylar. Ýaş nesli sagdyn, bilimli, ruhubelent, watansöýüji edip ýetişdirmekde hormatly mugallymlaryň we ene-atanyň orny uludyr. Çagalar köp zady bilesi gelip, okuwa uly höwes bilen gatnaýarlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen olaryň gün tertibi, iýmiti, dynç alşy düýpgöter üýtgeýär. Mekdebe ilkinji gezek gadam basmak bilen, öwrülişikli pursady başdan geçirýän çagalaryň ruhy we beden saglygyny goramak, mekdebiň gün tertibine öwrenişdirmek birbada kynrak düşýär. Şeýle-de bolsa, çaganyň gün tertibiniň dogry guralmagyny, onuň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, ýeterlik dynç almagyny, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegini gazanmak zerurdyr. Bu babatdan, mugallymlar, ene-atalar çaga täze durmuşa uýgunlaşmaga, özgerişlikleri kabul etmäge kömek bermelidirler.

Mekdep ýaşyndaky çagalaryň oňurga süňküniň doly bekeşmeýänligi sebäpli, göwre durşunyň nädogrulygy, esasan hem, mekdep döwründe ýüze çykýar. Çaganyň oturgyçda dogry oturmaklygyň düzgünlerini bilmezligi, doly we dogry berjaý etmezligi ýaşlykdan çagalaryň oňurgalarynyň gyşyk ösmegine, oňurga süňkleriniň gurluşynyň näsazlyklary bilen bilelikde, içki agzalaryň işleriniň bozulmagyna, netijede, dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Çaganyň öýdäki iş ornuny dogry gurnamaly. Ene-atalar onuň ulanjak stoluny we oturgyjyny ýaşyna we boýuna görä saýlap almagy unutmaly däldir. Şeýle-de birinji synpa gidýän çagalaryň göterýän el we arka ýantorbalaryny çaga laýyk saýlamagy başarmaly. Ortoped lukmanlary çaganyň göterýän ýantorbasynyň 3 kilogramdan agyr bolmaly däldigini nygtaýarlar. Eger-de arka göterilýän ýantorba satyn alnanda onuň arkasynyň gatysyny saýlap alsaňyz, bu çaganyň oňurgasyny goramaga we dogry ýöremegine kömek edýär. Elde göterilýän ýantorbalar çaganyň bir tarapa gyşaryp ýöremegine sebäp bolýar. Birinji synp okuwçylaryna ýantorbanyň tigirli görnüşi satyn alynsa, gowy bolar. Çaganyň hereketi, beden we aň ösüşi berk baglanyşykda bolup, sagdyn, kadaly ösmeginiň esasy alamatlary hasaplanýar.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar