Döredijilik bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15 Sentýabr 2024
170

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giňden, uly ruhubelentlik bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde şanly Garaşsyzlyk toýumyz mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler baky bagtyýarlyga beslenip, mähriban halkymyzyň her birinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň her bir güni bolsa ajaýyp pursatlardan doly. Ine, şeýle ajaýyp günlerde, has takygy, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň mugallymlary, bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär, ýaş nesillere öwredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri, nusgawy edebiýatyň ylmy esasda öwrenilişini wasp etmekde bilim işgärleri hem asylly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň bilim işgärleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edip, «Mugallymlar gazeti» gazetinde makalalar, hekaýalar, goşgular bilen çykyş etdiler. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamynda ýerine ýetirilýän işler bu ulgamda zähmet çekýän bilim işgärleriniň Garaşsyzlyk baýramyna toý sowgady hasaplanýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bäsleşige hödürlenen bilim işgärleriniň döreden şygyrlary, ýazan hekaýalarydyr makalalary olaryň döredijilik ussatlyklarynyň ýokarydygyny görkezdi.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar