«Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň dabarasy

12 Sentýabr 2024
288

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň mugallymlary, bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär, ýaş nesillere öwredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri, nusgawy edebiýatyň ylmy esasda öwrenilişini wasp etmekde bilim işgärleri hem asylly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň bilim işgärleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edip, «Mugallymlar gazeti» gazetinde makalalar, hekaýalar, goşgular bilen çykyş etdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar