Diýarymyzda bilim özgertmeleri rowaçlanýar

15 Sentýabr 2024
165

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Bu ugurda ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Ýaş nesliň düýpli bilim öwrenmegi, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap belleýär.

Kakamyrat MEREDOW,
Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar