Ömür menzilinde ýakymly sene

5 Sentýabr 2024
95

Ynsan durmuşyny bezeýän biri-birinden ähmiýetli, biri-birinden şatlykly seneler sanardan kän. Şol seneleriň içinde aýratyn bir sene seni ömrüň her tapgyrynda özboluşly röwüş bilen garşylap, saňa täzeden-täze bagt eçilýär. 1-nji sentýabr! Meniň ak mekdebe tolgundyryjy hem şatlykly duýgular bilen ilkinji gezek gadam basan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň mähriban mekdebimiň gujagyndan uçurym bolup, ganat ýaýyp, öz arzuwymdaky ýokary okuw jaýyna gelip gonan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň her günümi ynsan saglygyny goramagyň maksady bilen ýaşap, degişli bilim alyp, öz okan ýokary okuw mekdebimiň bosagasyndan mugallym bolup buýsanç bilen ätlemegime şaýat bolan gün! Mende seniň bilen bagly süýji ýatlamalar, näçe diýseň köp?! Bagtyýar ene hökmünde bu gün men öz ýatlamalarymyň üstüni bu taryhy senede balajyklarymyň gül çemenli elinden tutup, ak mekdebe eltmegim bilen dolduryp bilýändigimi hem begene-begene aýdasym gelýär. Nesip bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleriniň birinde perzentlerime öz arzuwlan ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyplary bolmak bagty hem miýesser eder. Şonda men olaryň begençden ýaňa lowurdaýan gözlerine seredip, öz ýanymdan güýz paslynyň her bir ynsan üçin neneňsi şatlykly hem arzyly gündügini ýene bir gezek tassyklaryn. Şeýde-şeýde bu ýatlamalaryň yzy agtyk-çowluklarymyzyň şatlygyna şärik bolmagymyz bilen utgaşyp, hemişelik dowam eder durar...

Merjen BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň aspiranty.
Beýleki habarlar