"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady ösüşleri gazanmak bilen, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalar, ýaşaýyş jaýlary, belent binalar ösüşiň aýdyň ýoluny üpjün edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygyny beýan edip, täze ösüşlere giň mümkinçilikleri döredýär. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny dünýä aýan edýär. Döwür öňe tarap barýar, durmuş ösýär, özgerýär, täze sepgitlere eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler buýsançly wakalar bolup kalba dolýar.

Eziz Diýarymyzyň ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurlup ulanmaga berilýän täze binalar, senagat desgalary ýurdumyzyň beýik ösüşini, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny dünýä aýan edýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Bu uly, kuwwatly desgalar ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Munuň özi durmuşa geçirilýän her bir işleriň halk bähbitli maksatlardan ugur alýandygyny, ýurdumyzyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde senagat pudaklarynyň, esasan hem, gurluşyk-binagärlige degişli ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bilşimiz ýaly, gurýan döwlet gurply döwlet hasaplanýar. Şonuň üçin hem senagat pudaklarynyň ösüşine, gurluşyk önümleriniň has-da artdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde binagärligiň ösdürilmegi netijesinde dünýä nusgalyk binalar gurlup ulanmaga berilýär. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary munuň aýdyň mysallarydyr. Çünki bularyň hemmesi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Şunu

Mugallymlaryň asylly işi

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Ýaşlara bilim öwretmek we olaryň bilimli hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak mugallymçylyk käri bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Şunda milli bilim ulgamyny ösdürmek we okatmagyň iň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biridir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu taryhy waka ähli bilim işgärlerini – mugallymlary tüýs ýürekden begendirdi. Munuň özi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalara, sanly bilimiň ösüşine aýratyn üns bermek bilen, geljekde bu ugurlar has-da ösdüriler.

Sport ulgamynda paýtagtymyza berlen belent dereje

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa häzirki döwürde ak şäherimiz Aşgabadyň halkara duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mähriban halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejelere beslenip, baýram edilen günlerinde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýerde türkmen türgenlerimiziň döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisiniň guralmagy, sergide olaryň abraýly bäsleşiklerde gazanan dürli derejeli baýraklarynyň görkezilmegi sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi.

Welosipedli ýöriş — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty barha ösýär, eziz Diýarymyz sport ýurduna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak, raýatlaryň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmak, milli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän işleri bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanmagyna getirýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport mekdepleridir toplumlar, meýdançalar, ak mermerli paýtagtymyzda bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi kemala geldi. Munuň özi sporty ösdürmäge, kämil türgenleri kemala getirmäge döredilýän giň mümkinçiliklerdir. 3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenip geçildi, sport çäreleri ildeşlerimiziň ruhuny göterdi. Halkara derejesinde giňden bellenilen Bütindünýä welosiped güni parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan baýrama öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine we ekologiýany tutuş adamzat bolup goramaga çagyrýan bu baýramçylygyň geçirilýän gününde aýdym-sazlaryň hoş owazy belentden ýaňlandy.

Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adama tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda dabaralar geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Dil bilen dünýäni gezer

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim öwretmek we olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şunda dünýä dillerini öwretmäge hem uly üns berilýär. Daşary ýurt dilini bilmek ylym we tehnologiýanyň köp ugurlary boýunça hünärmenleriň geljekde üstünlik gazanmagynyň açarydyr. Şonuň üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga çalyşýan we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak tehniki uniwersitetleriň esasy wezipesidir.

Elektron sözlükleriň ähmiýeti

Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplarymyz bolsa halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Ýaşlara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, dünýä dillerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde dil öwretmekde döwrebap usullardan, ylmyň iň täze gazananlaryndan, elektron sözlüklerden peýdalanmak ähmiýetlidir. Dil öwredilende, onuň birnäçe usullary bolup, belli bir ugur boýunça hünär diliniň hem öwredilýändigini bellemek bolar. Hünär ugry boýunça dil öwredilende, şol dildäki adalgalaryň beýan edilişini, ylmy stildäki tekstleriň düzümini görkezmek bolar. Elektron sözlükleriň kömegi dilleri öwrenmekde örän ähmiýetlidir.

Durmuşymyzyň gül-gunçalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde il-ýurt bähbitli işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşy, durmuş taýdan goraglylygy, ruhy taýdan sagdyn ösüşi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi barada edýän taýsyz tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bagtyýar çagalar sapaly tomus möwsüminde dynç alýarlar. Çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin iň döwrebap dynç alyş merkezleri hereket edýär. Munuň özi olaryň sagdyn ösmegine ýardam berýär. Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna we onuň teswirnamalaryna sebitde ilkinjileriň hatarynda goşulmak bilen, ýaş nesil babatda döwlet syýasatyny hem-de milli kanunçylygyny bu halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirdi. Ýurdumyzda çaganyň hukuklarynyň pugta kanunçylyk binýady kemala getirildi.

Çagalaryň dynç alşy şatlyga beslenýär

Gökderede dynç alýan çagalaryň her bir gününi uly ruhubelentlige beslemek maksady bilen bu ýerdäki merkezlerde ýörite meýilnamalar taýýarlanyldy. Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň terbiýeçi mugallymlary hem öz işlerini meýilnama laýyklykda guraýarlar. Merkezde 300-den gowrak çaga dynç almaga amatly şertler bar. Bu ýerde dört bina, daşky howuz, kinozal, amfiteatr bolup, ol ýerde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin basketbol, woleýbol, tennis meýdançalary hem bar. Bu ýerde kompýuter, surat, sport gurnaklary hem hereket edýär. Kitaphana otagy hem çagalar üçin niýetlenendir. Bu merkezde çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça 10 sany topar döredildi. Ol toparlaryň hatarynda «Begler», «Ýeňiş», «Bürgütler», «Diýar», «Türgenler» ýaly toparlary bellemek bolar. Merkezde işleri sazlaşykly alyp barmakda terbiýeçi mugallymlaryň çagalar bilen dil tapyp, şadyýan wagt geçirmekleri üçin ähli tagallalar edilýär. Merkeziň uly mugallymy Mähri Myradowa terbiýeçi mugallymlara we olaryň kömekçileri bolan talyplara ýakyndan ýardamçy bolup durýar.

Synaglar üstünlikli dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 11-nji synplaryň gutardyş döwlet synaglary guramaçylykly dowam edýär. Muny Arkadag şäherindäki mekdeplerde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Okuwçylaryň bu okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagynda Arkadag şäheriniň mekdepleriniň mugallymlarynyň yhlasly zähmetlerini hem belläp geçmek gerek. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Şu resminama bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Buýsançnama

Milli ýolumyz ýöredip,Dünýä ýüzüne tanadyp.Täze eýýamy döredip,Beýik ymaratlar gurýas.Diňe, diňe öňe barýas, Arkadagly Serdar bilen. Il-gün, halkymyz bagtyýar,Bagtly günlere guwanýar.Ertirine ynamy bar,Agzybirlige daýanýas.Diňe, diňe öňe barýas,Arkadagly Serdar bilen.

Akyldar şahyryň belent sarpasy

Ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her güni toýdur baýrama, şatlykly günlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň danasy, söz sungatynyň zergäri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhda yz goýan beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmäge, edebi mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdyr.

Duş gelen dileg

(Hekaýa) — «Salamälik» diýip, işikden sag aýagy bilen ätläp, içeri giren Aýperi eje sözüne dowam berdi. — Magtymguly jan, sag-aman oturanmysyňyz, içerleriňiz hem saglykmy? Döwletmämmet ahun-da tendarmydyr? Ýanyňa göni gelşim boldy. Ynha, saňa arzymy aýdanymdan soň, ahun atamyzyň-da huzuryna barmakçy. Weý, heý-de aýagym bilen bu ýere gelenimden soň, il kethudasy bilen Taňry salamyny alyşmasam, gelşiksiz bor-a, hawa, utançly borun.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine buýsanç

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenmegi halkymyzy buýsandyrýar, begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün dana şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Türkmen halkynyň kalbynda, aňynda ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmegiň, oňa wepaly bolmagyň beýik nusgasy, terbiýeçilik mekdebi bolan akyldar şahyrymyzyň eserleriniň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýlenendir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli arzuw-islegleri hasyl boldy. Magtymguly Pyragy — Watany söýmegiň beýik nusgasy. Şahyr hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watana bolan çäksiz, gyzgyn söýgi, uly buýsanç Magtymguly Pyragynyň goşgularynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle mähirli garaýyşlar bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli islegleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Şahyryň eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, biziň üçin terbiýe mekdebi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, Gündogaryň

Döwletliler köşgündäki dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan kanunçylyk işi barada maglumat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem bu sene ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär.

Bilim ulgamynda täze özgertmelere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Şu resminama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Konsepsiýanyň mazmuny, maksady we wezipeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýd

Beýik işler durmuşa geçirilýär

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler.