"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ak bugdaý — rysgal hem-de bereket

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy.

Ynsanperwerligiň we ruhy tämizligiň baýramy

Ýurdumyzda Gurban baýramy ruhubelentlikde bellenilip geçildi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramy ýokary derejede uly ruhubelentlige beslenip bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp garşylaýan mähriban halkymyz köpasyrlyk däplerimize laýyklykda, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli toý gazanlaryny ataryp, milli tagamlarymyzy taýynladylar, dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara salama baryp, birek-birege ýagşylyklary, gowulyklary arzuw etdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Üstünligiň aýdyň ýoly

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023—2024-nji okuw ýylyny oňat görkezijiler bilen jemlediler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň halkara derejelerindäki olimpiadalara, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Şu günler bolsa mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlik bilen ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirýärler. Merkezlerde çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden ajaýyp mümkinçilikleriniň hözirini görýärler. Çagalar aýdym-saz, döredijilik, sport boýunça merkezara ýaryşlaryna gatnaşyp, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar öz deň-duşlary bilen pikir alyşýarlar, dostlaşýarlar, täze okuw ýylynda üstünlikli okamagy maksat edinýärler. Mekdep okuwçylarynyň şadyýan dynç almaklarynda mekdep mugallymlarynyň hem uly tagallalary bar. Täze okuw ýylyny has uly üstünliklere beslemegi maksat edinen mugallymlaryň işleri ileri. Has takygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi mugallymlary tüýs ýürekden buýsandyrdy.

Milli medeniýet — halkymyzyň gymmatly mirasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, alymlar, edebiýatçylar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly sözlerinde milli medeniýetimiziň örän uly gymmatlykdygy aýdyň beýan edilýär. Halkyň döreden medeniýetine berlen bu kesgitleme medeniýete ylym-bilimleriň, terbiýeçilik işiniň bir çeşmesi hökmünde garamagyň täze mümkinçiliklerine ýol açdy. Şonuň esasynda hem döwletiň syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň ösüşinde medeniýetiň özboluşly, derwaýys orny ýüze çykdy. Medeniýet ulgamynyň ösüşi syýasatyň ähli ugurlarynda, ösüşiň tutuş mazmunynda uly ähmiýete eýe boldy.

Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz ösýär, özgerýär, röwşen geljege tarap öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar gurulýar, milli ykdysadyýetimiz has-da kuwwatlanýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Biz muny halk bähbitli beýik işlerden, gurlup ulanmaga berilýän desgalardan, ýaşaýyş jaýlaryndan we medeni-durmuş ähmiýetli binalardan aýdyň görýäris. Muňa mysal edip, diňe şu ýylda gurlup ulanmaga berlen ençeme taryhy ähmiýetli desgalary görkezmek bolar. Şu ýerde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýaly taryhy wakalary bellemek bolar. Şeýle hem Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleri taryhy wakalaryň hatarynyň üstüni ýetirdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döw

Bagtyýar çagalaryň mekany

Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýyl çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösmegi, wagtlaryny hoş geçirmekleri, şadyýan bolmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderedäki, welaýatlardaky, şeýle hem Awazadaky arzyly dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we şadyýan pursatlara besleýärler. Her ýylda bolşy ýaly, çagalar tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýärler. Olar üçin merkezlerde wagtly-wagtyna dürli naharlar taýýarlanylýar, gök önümler, miwe suwlary berilýär. Açyk we ýapyk howuzlar çagalara hyzmat edýär. Öýlän bolsa gündelik aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we el hünärleriniň ussatlygyny görkezmek üçin gurnaklar hereket edýär, döredijilik we sungat bilen meşgullanýan çagalara niýetlenen ýörite surat we çeperçilik gurnaklarynda hem mümkinçilikler döredilen. Çagalaryň kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli şertler bar.

Asylly ýörelgeler

Adamzat ýaşaýşynda ynsany bezeýän mukaddes häsiýetleriň biri hem edepdir. Edep ynsanyň durmuşda, maşgalada hem-de jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem edep-ekram barada halkymyz çaganyň ýaşlygyndan aýratyn aladalanyp başlapdyr, sebäbi edep adamzat ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Iňňän inçeden yzarlanan ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän edep-ekramlylygy mydama özüne ýaran edinen halkymyz çagany şol duýgular bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Milli terbiýede çaganyň ýanynda diňe gowy zatlar hakynda söhbet açylyp, onuň özüne hem diňe gowy zatlar hakynda pikirlenmegi ündäpdirler. Halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen nakyla eýerilipdir. Edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Edep-ekramyň, görüm-göreldedir ýagşy terbiýäniň bar ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlygyňam, agzybirligiňem, üstünligiňem bolýandygy durmuşyň ykrar eden iň beýik hakykatydyr.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň milli bilim ulgamy täze ösüşlere beslenip, ynamly gadam bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz sanly bilimi ösdürmäge uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öz netijelerini aýdyň görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýurduň geljegi bagtyýar nesillere baglydyr» diýip belleýär.

«Ismim düşdi ilden-ile...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimize, medeni-ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa uly many-mazmuna eýe bolýar. Milli gymmatlyklarymyza döwrüň beýik ruhunyň täsiri güýçli bolup, döwrebap garaýyşlar döreýär. Halkyň taryhy, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligi, dili we edebiýaty eserlerde öz beýanyny tapýar. Ruhy gymmatlyklary döredýän şahsyýetler halkyň milliligini, özboluşlylygyny, tapawutly aýratynlyklaryny özünde jemleýän eserleri döredip, döwürleriň, eýýamlaryň, zamanalaryň jümmüşinde olary kämilleşdirip, nesillere bahasyz miras galdyrypdyrlar. Olar ähli döwürlere degişli bolup, nesilleriň aňynda ebedilik ýaşaýar. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri akyldar şahyrymyz we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragydyr. Külli adamzat üçin şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragy ady, şöhrat-şany, beýik döredijiligi bilen ynsanlaryň aňynda hiç öçmejek yz goýan pähim-paýhas ummanydyr, gaýtalanmajak beýiklikdir, ägirt döredijiligi özbaşdak ylym hökmünde öwrenilmäge mynasyp beýik danadyr.

Ussat halypanyň sarpasy

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär. Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr sazlara uly ornuň degişlidigine kämil derejede döredilen mukamlarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzda aýdym-saz sungatyna diýseň uly sarpa goýulýar. Milli medeniýetimiziň taryhy gelip çykyşy, onuň ösüş ýoly dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary bolsa bu günki günde sungata höwesli ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedir.

Terbiýe mekdebi

Ata-ene we perzent gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň uly üns beren meseleleriniň biridir. Halk döredijiliginde, söz ussatlarynyň eserlerinde bular dogrusynda täsirli wakalar bilen beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş çaga ata-enesinden görelde alýar. Olaryň hereketlerini, sözleýişlerini öz durmuşynda gaýtalaýar. Terbiýe mekdebi hakynda aýdanymyzda, eneler ýadymyza düşýär. Çünki eneler perzent terbiýesine örän üns bilen garaýar, süýji sözler bilen nesillere öwüt edýär.

Saglyk — baş baýlygymyz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokary derejede netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda uly sepgitlere ýetildi. Keselleriň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler ilatyň saglygyny goramakda esasy ugur bolup durýar. Bu babatda Balkan welaýat Türkmenbaşy şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri tarapyndan hem uly işler alnyp barylýar.

Belent maksatlar rowaçlanýar

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!

Beýik ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ösüşler ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşdyrylýar. Şunda nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ugurlara möhüm ähmiýet berilýär. Ylmy tehnologiýalar, täze açyşlar bilen ösýän ýurduň geljegine, nurana ertirlerine ynamy hem örän berkdir. Diýarymyzyň hut şeýle ýurda öwrülmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, berkarar Watanymyzy ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýen parasatly jümleleri munuň şeýledigini subut edýär.

Türkmen topragynyň berekedi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi. Baýramçylyk äheňinde bezelen esasy sahnada welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň joşgunly aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlary giň gerime eýe boldy. Eşretli zamanamyzda daýhanlarymyzyň çekýän päk we halal zähmetiniň waspy çykyşlarda ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlaryndan göwni galkynan dabara gatnaşyjylar giň gözýetime uzap gidýän ak bugdaýly meýdanyň bir çetine ýygnandylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» daýhan hojalygynda ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlandy. Şol pursatda kuwwatly däne orujy kombaýnlar hem hatar gurap, altynbaşly bugdaýly meýdanlara girdiler. Şeýlelikde, welaýatymyzda galla oragyna köpçülikleýin girişildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler ähli halkymyzy, aýratyn hem bizi — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ugrundan hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak bilen, durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary tarapyndan giňden goldanylýar.

Il-ýurt bähbitli möhüm desgalar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi. Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ösüşini düzýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikasyny ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Watansöýüjiligiň aýdyň beýany

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bu günki gün diňe bir türkmen alymlary däl, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň meşhur alymlary, arheologlary we geograflary tarapyndan öwrenilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny okan her bir okyjy göz ýetirse gerek. Kitapda alymlaryň biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklary öz içine alýan bürünç zamanynda Änew şäher-galasynyň düýbüniň tutulan bolmagynyň mümkindigini çaklamagy şol döwürde ilkinji döwletiň hem dörändigini aňladýar.

Gurban baýramy

Ýurdum toýa beslendi,Çagalar şat seslendi,Uly-kiçi höwesli,Geldi Gurban baýramy. Süýji sözler diýilýär,Täze lybas geýilýär,Hiňňildige barylýar,Ajap Gurban baýramy.