"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk söýüjilik däpleri ilerledilýär

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. BMG-niň we Türkmenistanyň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Älem giňişliginde köňül buýsanjymyz

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we halk bähbitli beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolýandygyny soňky günlerde bolup geçýän guwandyryjy wakalar ýene bir gezek aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň belent derejede geçirilen gününde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bu şähere bolan çuňňur buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy. Bu hoş habar halkymyzy çäksiz begendirdi.

Milli demokratiýa rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunlarymyza we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplanylýar. Demokratik saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda raýatlaryň saýlaw hukuklary talabalaýyk üpjün edilýär.

Çagalaryň şadyýanlygy

Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlige besleýär. Häzirki wagtda dynç alyş möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Merkeziň toplumyna medeni-sport taýdan enjamlaşdyrylan binalar degişli bolup, olarda çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bulardan başga-da, merkezde kompýuter zallary, okuw we gurnak otaglary, oýun oýnalýan merkezler, kitaphanalar, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri, sport we oýun meýdançalary, howuzlar, akwaparklar, amfiteatr hereket edýär. Üç ýüz çaganyň dynç almagy üçin niýetlenen merkezde terbiýeçi mugallymlar tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Çagalar ýaş aýratynlyklary boýunça toparlardan ybarat bolup durýar. Her topar düzümine mahsus bolan atlar bilen atlandyrylýar. Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe çäreler, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli guralýar. Aýdym aýdyp, tanslary ýerine ýetirmek, ylgaw ýaryşlary, futbol bäsleşikleri çagalarda aýratyn täsir galdyrýar.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji bolmaklary hakynda alada etmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelge ynsanda ýagşylygy, birek-birege hormat goýmagy, sahawaty kemala getirýär. Nesillere ýagşylygy ündew etmek bilen bir hatarda asylly görelde görkezmek terbiýäniň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle öwüt berlende, süýji sözlülik, nakyllardan, paýhasly sözlerden peýdalanmak oňat netije berýär. Halk pähimlerinde ýagşy görelde gören ýaşlar hakynda ençeme nakyllary görmek bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem «Ýagşy oguldan rehmet arygy akar» diýip, nesilleriň ýagşy gylykly, oňat häsiýetli bolup ýetişmegi hakynda beýan edipdir. Esasan hem, ýagşy häsiýetler ene dilimizde aýdylýan pähimlerden gözbaş alýar. Bu pähimlere we atalar sözlerine oňat düşünmek üçin ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmek gerek. Şoňa görä-de, nesillerde ene dilimize bolan buýsanjy terbiýelemek, nakyllary we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny öwretmek örän möhümdir. Munuň özi olarda il-güne söýgini, geçmiş mirasymyza bolan belent sarpany kemala getirer.

Akyldar şahyryň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany arkaly edermen esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Magtymguly Pyraga goýýan sarpasyny, onuň döredijiligine salgylanyşyny, bu däpleri nesillere geçirişini öwrenmek bolýar. Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýolunda akyldar şahyryň şygyrlary uly orun tutýar. Romandan mysal getireliň: «Öz bilim-düşünjesini artdyrmak bilen, Berdimuhamet köp okaýardy. Çeper eserlerden, aýratyn hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň ruhy başdan geçirmelerine saz gelýärdi. Şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Olary okuwçylara, obadaşlaryna okap, aýdyp bererdi». Bu eserde Berdimuhamet Annaýewiň otuzynjy ýylda Aşgabatda geçirilen Dilçileriň birinji konferensiýasyna çagyrylandygy, onda türkmen edebi diliniň esaslaryny goýmak barada gürrüň gidendigi ýatlanylýar. Çagalar üçin mugallymyň her bir sözi, her bir hereketi nusga bolup durýar. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne sözler bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, şahsy mysalynda öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, Berdimuhamet mugallym beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini hiç haçan ýadyndan çykaranok eken. «Şonuň üçin-de okuw prosesinde mugallymyň çekýän zähmetine şeýle uly ähmiýet berýär» diýip, romanda bellenilýär. Bu bolsa kär kämilliginde h

Saglyk — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan, şeýle-de beýleki Milli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi bolsa, milli lukmançylygyň täze belentliklere çykmagyna, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize berk ornaşmagyna şert döredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär. Şunda lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ynsan saglygyny goramaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşymyza ornaşdyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda asylly işleriň alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Çünki ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde, maslahatlarda sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär. Sport bilen meşgullanmak ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Şeýle hem arassa howada gezelenç etmek, pyýada ýöremek sagdyn durmuşyň kadalaryna degişli bolup, beden üçin has-da ýaramlydyr. Çünki dowamly pyýada ýöremek bedenterbiýäniň bir görnüşi hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin hem saglygy goramakda we keselleriň öňüni almakda pyýada ýöremegiň hem peýdasy uludyr.

Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti

Mesge ýagy süýt önümlerine degişli bolup durýar. Mesge ýagynyň düzümindäki witaminler, mineral maddalar, maldan alynýan ýaglar, beloklar adam bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna görä gündelik iýmitlenmeli maddalardyr. Ol adam üçin bedeniň madda çalşygyny kadalaşdyryp, reproduktiw, nerw we ýürek-damar ulgamlarynyň kagaly işlemegini üpjün edýär we esasy energiýa çeşmesiniň biri bolup durýar. Mesge ýagynyň düzüminde ýag turşularyndan başga-da A, B, C, D we E witaminleri bardyr. Bu bedeniň sagdyn ösmegini, dürli kesellere bolan durnuklylygyny artdyrýan ýokumly iýmit önümleriniň hataryna girýär. Durmuşda spred (garyşyk) ýaglary duş gelýär. Spred ýaglary dürli gatnaşykda mesge (süýt ýagy) ýa-da ösümlik ýaglary goşulyp öndürilen ýag önümidir. Spred ýaglary nahar bişirmek, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, şeýle hem çörek bişirmek, konditer önümleriniň, konserw we azyk senagatynyň beýleki pudaklary üçin niýetlenendir.

Sebitlerde alnyp barylýan netijeli işler

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Belent üstünligiň beýany

«Arkadag medisina klasteri menejment» kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bilim işgärleriniň 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň hünär ussatlygyny ü

Il-ýurt bähbitli beýik işler

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şan-şöhratly bedewler

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi we 2028-nji ýyla çenli ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşýandygynyň subutnamasy boldy. Konsepsiýada mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeler bilen işlemek boýunça öňde durýan anyk wezipeler beýan edilýär. Bu resminamada çagalar edaralary bilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, okatmagyň hilini, mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreler göz öňünde tut

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.